Iň täze habarlar

Astrahanda «Kaspi möwsümleri» festiwalynyň çäginde «Türkmenistanyň güni» atly konsert geçirildi

29.08.2023 | 22:30 |
 Astrahanda «Kaspi möwsümleri» festiwalynyň çäginde «Türkmenistanyň güni» atly konsert geçirildi

«Kaspi möwsümleri-2023» halkara klassiki sungat festiwalynyň çäginde 28-nji awgustda «Türkmenistanyň güni» atly konsert geçirildi. Medeni çärä gatnaşmak üçin Hazar döwletleriniň - Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň sazandalary we aýdymçylary geldi.

Türkmen artistleriniň çykyşy, gatnaşyjy ýurtlara bagyşlanan konsert programmasyny tamamlady. «Türkmenistanyň güni» Astrahan filarmoniýasynyň sahnasynda geçirildi. Meýdançada Türkmenistanyň halk artisti, bariton Atageldi Garýagdyýew, meşhur pianinoçy we at gazanan artist Wladimir Mkrtumow, sazandalar Tahyr Ataýew, Mähri Hojaýewa, Myrat Aşyrow, Aýna Seýitgulyýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Şeýle hem, çeper ýolbaşçysy zehinli skripkaçy Bahram Dolyýew bolan «Kamerata Aşgabat» kamera ansambly agşama bezeg berdi.

«Kaspi möwsümleri» festiwaly dowam edýär. Baýramçylyk Hazarýaka ýyldyzlaryny we dünýä sahnasynyň meşhur sungat işgärlerini bir ýere jemledi. Olar Astrahanyň ýaşaýjylaryny özboluşly konsertleri we çykyşlary bilen begendirýär. Bu ýyl häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, adatdan daşary multimediýa görkezilişi hemmeleri haýran galdyrdy. Bezegler, 3D proýeksiýalar, ýagtylygyň we sesiň oýnamagy konsert meýdançasynda illýuziýa we jadyly howa döretdi. Ilkinji gezek çärede saz kompozisiýalaryny ajaýyp bezän we festiwalyň özboluşlylygyny nygtaýan sahna çüwdürimleri ulanyldy.

ORIENT news

Foto: astrakult

Şeýle hem okaň: