The Rolling Stones soňky 20 ýylda täze aýdymlaryň ilkinji albomyna yşarat bilen janköýerlerini ruhlandyrdy
24.08.2023 | 21:41 |Rok sazynyň rowaýatlary The Rolling Stones ýerli kiçijik gazetde mahabat ýerleşdirip, täze albomyny yglan eden ýaly.
«Soňky 20 ýylda täze aýdymlaryň ilkinji albomyny yglan etmegiň iň adaty usuly däl, ýöne bulara The Stones diýilýär ... Olaryň isleýşi ýaly hereket etmäge bar», -diýip hormat bilen Euronews nygtaýar.
Şeýlelikde, «Hackney Gazette» -de (Hackni – Londonyň kwartallaryndan biri) özüni «aýna abatlaýyş hünärmenleri» diýip atlandyrýan «Hackney Diamonds» kompaniýasynyň syrly mahabaty peýda boldy.
Mahabat ilkinji seredişde gaty adaty ýaly görünýär, ýöne has ýakyndan gözden geçirilende, birnäçe alamat: markanyň aynda i üstünde nokadtyň ýerine alamat logotipiň bolmagy we (I Can't Get No) Satisfaction, Gimme Shelter we Shattered hitlerine salgylanma gürrüňüň «Rolling»-leriň täze albomynyň «tizeri» bolup biljekdigini görkezýär.
«Biziň agzybir toparymyz size rahatlygy söz berýär. Haçan-da siz «Bizi penaňyza alyň» diýseňiz, biz siziň döwülen penjireleriňizi abatlarys», - diýip mahabatda aýdylýar.
Şeýle hem, «Rolling»-leriň muşdaklary Hackney Diamonds mowzugynyň ýazylan harp usulynyň, 1978-nji ýylda Some Girls toparynyň albomynda ulanylan harp usulyna meňzeýändigini bellediler. Ondan başga-da mahabatda kompaniýanyň 1962-nji ýylda – toparyň döredilen ýylynda esaslandyrylandygy barada aýdylýar.
Bu mahabat olaryň bildirişi, Hackney Diamonds (London şiwesinde – döwük aýna) bolsa – uzak wagt bäri garaşylýan hakyky aýdymly albom bolup bilermi? Mik Jagger, Ronni Wud we Kit Riçard entäk sessizligini goraýarlar. Ýöne hemme zatdan görnüşi ýaly resmi bildiriş hem daşda däl. Mahabatda: «Açylyş 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda» diýip, aýdylýar. Bu bolsa eýýäm ýakynda…
Şeýle hem, gazet mahabatynda alyjylaryň jaň edip nyrhy anyklap bilmegi üçin telefon belgisi hem ýerleşdirilendir. Eger şu belgä jaň edilende, «Aýna abatlamakda ýöriteleşdirlen Hackney Diamonds kompaniýa hoş geldiňiz. Gaharlanmaň, abatlanyň! Açylyş sentýabryň başynda, Mare Street, E8. Ýatlatmak üçin www.hackneydiamonds.com. Saýtynda hasaba aldyryň. Geliň» diýlip, ýazylan habary eşitmek bolýar. Soňky - Come on then – sözlemi şeýle hem, 1963-nji ýylda Jagger Riçardyň dostlary bilen ýerine ýetiren, Çak Berriniň Come on aýdymyna hem salgylanyp bilýär.
Eger-de bu hakykatda hem Rolling Stones-iň täze aýdymlary bilen albomy bolsa, onda ol 2005-nji ýyldan bäri A Bigger Bang albomyndan soň we 2021-nji ýylda 80 ýaşynda aradan çykan barabançy Çarli Uottssyz ýazylan birinji albom bolar. Ýogsada, toparyň kompozisiýalaryndan birini ýerine ýetirip, açyk kuzowly ýük ulagynda metbugat konferensiýasyna gelmek pikri hem şonuňky diýip çaklanýar. Nýu-Ýorkda, 1975-nji ýylda şeýle bolupdy, The Rolling Stones Manhetten-iň Brown Sugar Bulwarynda saz çalypdy.
Rowaýata öwrülen frontmen Mik Jagger, şu ýylyň iýulynda öz 80 ýaşyny belledi. Rolling Stones-iň gitaraçysy we ugirdaş awtory Kit Riçards hem şonçarak entäk 79 ýaşynda. Oz tegelek senesini ol indiki ýyl bellär. Bu saz üçlüginiň içinde iň ýaşy – 76 ýaşly Ronni Wud. Bu «gojalar» döwrüň daşynda, ýöne rok bolsa diridenem diri.
ORIENT news