Türkmen sazandalary Sinandalidäki V halkara festiwalynda çykyş ederler
25.08.2023 | 00:01 |Gruziýada uly göwrümli akademiki saz festiwallaryndan biri - Tsinandali festiwalynyň açylyşy 31-nji awgustda Sinandalidäki (Kaheti) knýaz Çawçawadzäniň taryhy mülkünde bolar. Bäş ýyllyk ýubileý festiwalyna dirižýor Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrinden ýedi ýaş türkmen sazandasy hem gatnaşýar. Olaryň arasynda ikinji gezek Gruziýa gelenler we şu ýylyň fewral aýynda Italiýanyň täze nesliniň iň öňdebaryjy dirižýorlaryndan biri we Pan-Kawkaz Ýaşlar orkestriniň awtory Klaudio Wandelli tarapyndan Aşgabatda geçirilen iň çylşyrymly saýlama synagyndan geçen ilkinji çykyş edenler hem bar.
Ýörite döredilen topar – dünýä meşhur dirižýorlar, kompozitorlar, sazandalar gatnaşyjy-ýurtlar bolan Azaerbaýjanyň, Ermenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Türkmensitanyň ýaş sazandalarynyň saz synagyny geçirýär we arasyndan güýçlçlerini saýlaýarlar.
Sinandaliniň ýyllar boýy taryhy emlägi medeni alyş-çalyş we adam hem-de intellektual tejribe toplamak merkezi statusyna eýe boldy. Bu ýere saz dünýäsiniň elitasy ýygnanýar we dünýä ýyldyzlary çykyş edýärler. Ýubileý möwsüminde gurnaýjylar köpçülige ýörite programma we ajaýyp sazandalar toparyny wada berýärler. Konsert programmalaryny Janandrea Noseda, Manfred Honekk, Wahtang Kahidze, Kristof Kontz, şeýle hem wirtual solistler Ýefim Bronfman, Sotne Zedginidze, Nobuýuki Suži, Aleksandr Malofeýew we beýlekiler ýerine ýetirer.
Gruziýa festiwaly klassiki saz, opera, balet we häzirki zaman eserleri ýaly dürli maksatnama bilen tanalýar. Bu güýzde Rezo Gabriadzeniň meşhur Gurjak teatrynyň ilkinji çykyşyna garaşylýar. Topar «Baharymyň güýzi» spektaklyny görkezer. Sinandali amfiteatrynda bolsa, klassiki sazy halk döredijiligi, rok, jaz we kantri bilen utgaşdyryp ussatlyk bilen ýerine ýetirýän meşhur skripkaçy Dewid Garret tarapyndan konsertler meýilleşdirilýär.
Sinandali festiwaly ýaş sazandalara saz dünýäsini öwrenmek we häzirki zaman klassiki sazynyň iň ajaýyp atlarynyň öwredýän ussat seminarlar we ussatlyk sapaklary arkaly saz bilimini ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegi maksat edinýär. Okuw Sinandalide taslamanyň çäginde emläkde döredilen halkara saz akademiýasynda geçirilýär.
Hazir ýaşlar sahnada özlerini nädip saklamalydygy, özüni nädip dogry görkezmelidigi, ýerine ýetiriş sungatynyň inçeliklerini we aýratynlyklaryny özleşdirmek barada ussatlardan we işleýänlerden sapak alýarlar. Çykyşlaryň başlamagyna sanlyja gün galdy.
Festiwalyň açylyşy 31-nji awgustda bolar we şu günden başlap 10-njy sentýabra çenli emläkde dowam etjek iň gyzykly we täsin konsert programmalary we çykyşlary başlar. Sazandalaram, tomaşaçylaram garaşýarlar...
ORIENT news