Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet baştutanlarynyň maşgalalary muzeýe we türkmen sergisine aýlandylar
19.10.2023 | 01:31 |Pekinde “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyň dowamynda ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasy Pen Liýuan we beýleki ýurtlaryň wekiliýet baştutanlarynyň maşgalalary Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördüler.
Bu ýerde myhmanlar çeper külalçylygyň, tikin işleriniň, piliň süňkünden taýýarlanan önümleriň, nefritiň, agaç we daş ýonulyp ýasalan önümleriň, altyn, kümüş, mis bezeg şaýlarynyň, çeper nagyşlar bilen bezelen gaplaryň hem-de artefaktlaryň baý toplumyny synladylar.
Şeýle hem belent mertebeli myhmanlar halk keşdeçiligi we mozaika çekmek sungaty bilen tanyşdyryldy.
Bu ýerde çagalaryň ýerine ýetirmeginde halk aýdymlary, däp bolan hytaý operasy we başga-da köp sanly çäreler ýerine ýetirildi.
Şeýle hem, bu ýerde türkmen halylarynyň we amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Sergä gelenler mili senetçilik we däp-dessurlar bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy medeni gatnaşyklaryň ýurtlary bir-birleri bilen ýakynlaşdyrýandygyny belläp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdüriljekdigine umyt bildirdi.
ORIENT news