Iň täze habarlar

Rus geografiki jemgyýeti Türkmenistana we Gazagystana ekspedisiýalary meýilleşdirýär

19.08.2025 | 00:35 |
 Rus geografiki jemgyýeti Türkmenistana we Gazagystana ekspedisiýalary meýilleşdirýär

Rus geografiki jemgyýeti (RGJ) 2026-njy ýylda birnäçe şol sanda Merkezi Aziýa ekspedisiýa gurnamagy meýilleşdirýär. Türkmenistanda we Gazagystanda geçiriljek bu ylmy barlaglar, meşhur ylmy barlagçydyr Petr Petrowiç Semýonow – Týan-Şanskiniň doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli maksatnamanyň bir bölegi bolar.

XIX asyrda Semýonow-Týan-Şanskiniň Týan Şana (1856-1857-nji ýyllarda) ekspedisiýalary möhüm waka öwrüldi we dünýä ylmyna uly goşant goşdy. Geografiýada, geologiýada we biologiýada möhüm açyşlar eden Týan Şanýa dag gerişlerini jikme-jik öwrenen ilkinji ýewropaly ylmy barlagçydyr. 1888-nji ýylda alym Zakaspi oblastyna we Türküstana syýahat edip, giň entomologiki ýygyndylary ýygnady we sebit barada ylmy makala taýýarlady. Hyzmatlary we Merkezi Aziýany öwrenmekdäki goşandy üçin 1906-njy ýylda imperatoryň permany bilen familiýasyna “Týan-Şanskiý” adyny aldy.

Häzirki wagtda RGJ alymyň mirasyny häzirki geosyýasy nukdaýnazardan täzeden öwrenmegi dowam etdirýär. Merkezi Aziýa Russiýany, Hytaýy we Hindistany birleşdirýän strategiki taýdan möhüm logistika merkezi hasaplanýar. Esasy ulag we energetika geçelgeleri bu ýerden geçýär. Sebitiň howa, ekologiki we durmuş taýdan aýratynlyklaryny öwrenmek, durnukly ösüş we ekologiýa töwekgelçiligini azaltmak üçin çözgütleri işläp düzmäge ýardam edýär diýip, RGJ web sahypasynda aýdylýar.

2024-nji ýylda ekspedisiýanyň ilkinji möwsümi başlandy, onuň çäklerinde alymlaryň bir topary RGJ-niň howandarlygynda Semýonow-Týan-Şanskiniň taryhy ýolunyň bir bölegini — Bişkekden Karakola çenli aralygy gaýtalady. Hünärmenler uly ýer titremeleriň yzlaryny öwrendiler, gaýalaryň nusgalaryny we relýefiň üýtgemeleriniň ýagdaýyny seljerdiler. Arheologlar öz gezeginde goňşy sebitleriň gurluşyk däpleri bilen arabaglanyşygyny öwrenmek üçin orta asyr oturymly ýerleri we XIX asyryň prawoslaw ybadanhalaryny öwrendiler.

rgo-ekspeditsii-turkmenistan-kazakhstan (3).jpg

Taslama taryhçylary, geograflary, ekologlary we medeniýeti öwrenijileri birleşdirip, sebiti öwrenmäge giňişleýin çemeleşýär. Ekspedisiýalaryň dowamynda alymlar soňky bir ýarym asyryň dowamynda bolup geçen tebigy üýtgeşmeleri ýazga geçirerler.

“Semýonow-Týan-Şanskiý ekspedisiýalarynyň taryhy we medeni atlasy” atly monografiýasy ylmy-barlagyň netijesi bolar. Şeýle hem, syýahat ugurlarynda esasy ýerler we toponimler bilen interaktiw elektron karta (Web GMU) dörediler. Häzirki zaman kartalarynda meýilleşdirilen taryhy ugurlar syýahatçylygy we ýerli taryhy ösdürmek üçin peýdaly bolar. Interaktiw kartanyň kömegi bilen ugurlaryň esasy nokatlaryny wizuallaşdyrmak giň halk köpçüligine elýeterli bolar.

Şeýlelik bilen, meýilleşdirilýän ekspedisiýalar ylmy jemgyýet üçin hem-de Merkezi Aziýanyň taryhyna we geografiýasyna gyzyklanma bildirýän ähli adamlar üçin hem ähmiýete eýedir. Bu ekspedisiýalar sebitiň baý mirasyna ünsi çekmäge, dürli ýurtlaryň alymlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmäge mümkinçilik berer.

ORIENT

Foto: rgo.ru

Şeýle hem okaň: