Fransuz dirižýorynyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda konsert berler
20.10.2023 | 22:10 |Zehinli ýaş fransuz dirižýory Dewid Ýurponyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestri 4-nji noýabrda Aşgabatda konsert berer. Ol belli gitaraçy, Makonyň (Fransiýa) simfoniki orkestriniň we sazçylyk konserwatoriýasynyň ýolbaşçysydyr. Şeýle hem, Ýurpo «Symphonies d'automne» halkara bäsleşigini guraýjydyr.
Saz agşamynda fransuz we türkmen kompozitorlarynyň eserleri, häzirki zamanyň meşhur kompozitory Pýer Tiluanyň sazlary ýaňlanar. Bu meşhur kompozitor hem Aşgabatda geçiriljek saz agşamyna gatnaşar. Pýer Tilua şu ýylyň tomsunda hem Aşgabatda bolup, dürli döredijilik çärelerine gatnaşypdy.
Saz agşamy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Aşgabatdaky Fransuz instituty tarapyndan guralýar.
ORIENT news