Iň täze habarlar

Türkmen tans topary Hindistanda geçirilen halkara festiwalda üstünlikli çykyş etdi

21.10.2023 | 15:24 |
 Türkmen tans topary Hindistanda geçirilen halkara festiwalda üstünlikli çykyş etdi

Türkmenistanyň "Näzli" tans topary Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide geçirilen IX Halkara aýdym-saz we tans festiwalynda üstünlikli çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär.

18-20-nji oktýabrda geçen halkara festiwal medeniýetleriň özara ýakynlaşmagyna ýardam etdi. Dürli halklaryň medeniýetlerini bir ýere jemlän festiwal dürli mazmundaky çykyşlara baý bolup, onuň yzygiderli esasda geçirilemginiň möhümdigini görkezdi.

Türkmen tans toparynyň çykyşy bilen bir wagtda festiwalda Merkezi amerikan Panama halklarynyň tanslary hem ýerine ýetirildi.

65334172ea8b0517369464.jpg

Dabara gatnaşyjylar bu medeni baýramçylyk däbiniň geljekde hem dowam etdirilmegini goldaýandyklaryny bellediler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: