Türkmenistanda Nury Halmämedowyň 85 ýyllygy mynasybetli festiwal geçiriler
20.10.2023 | 23:02 |27-28-nji oktýabrda Arkadag şäherinde we welaýatlarda meşhur kompozitor Nury Halmamedowyň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwal geçiriler.
Wise-premýer M.Mämmedowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde dünýä aýdym-saz sungatynyň hazynasyna girizilen eserleriň awtoryna bagyşlanan ýubileý çärelerine görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow, Nury Halmämedowyň döredijilik mirasynyň türkmen halkynyň we dünýäniň saz sungatyny ösdürmekdäki aýratyn ähmiýetini belläp, onuň eserlerini “ýokary ussatlygyň nusgasy” diýip atlandyrdy, şeýle-de wise-premýere ýiti zehinli türkmen kompozitorynyň hormatyna bu festiwaly ýokary gurmaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
ORIENT news