Mediýa ulgamy TV BRICS halkara simfoniki orkestri döretdi
30.10.2023 | 17:34 |TV BRICS halkara media ulgamy Russiýa, Hytaý we beýleki BRICS + ýurtlaryndan iň oňat sazandalaryny öz içine aljak täze simfoniki orkestriň döredilendigini habar berdi.
«Saz – adamlary, halklary birleşdirýär we elbetde adam duýgularynyň çäklerini we özara düşünişmek derejesini giňeldýär. Sungatyň bu mümkinçiliklerini BRICS ýurtlarynyň bileleşigi berkitdi», diýip guramaçylar tvbrics.com saýtynda ýazdylar.
TV BRICS simfoniki orkestri dünýä saz sungatyny ýaýratmak üçin döredildi. Täze topar işinde öz simfoniki orkestrleri bolan iň uly milli metbugat gurluşlarynyň we ýaýlym guramalarynyň: BBC (Beýik Britaniýa), ZDF, WDR, NDR (Germaniýa), NHK (Ýaponiýa), SSSR-iň Döwlet telewideniýesi we radiosy we häzirki mirasdüşeri «Orfus» radiostansiýasynyň (Russiýa) tejribesine we mirasyna bil baglar.
Düzüme Sankt-Peterburgyň çagalar we ýaşlar döwlet filarmoniýasynyň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory, «Tawriçeskiý» halkara orkestriniň çeper ýolbaşçysy Mihail Golikow ýolbaşçylyk ederler.
Orkestr halkara taslamalaryna, radio we telewideniýe ýaýlymlaryna gatnaşar we TV BRICS media ulgamynyň programmalary üçin saz ýazgysyny geçirer.
ORIENT news