Türkmenistanly ýetginjek suratkeşler TÜRKSOÝ-yň Aktauda geçirilen bäsleşiginde ýeňijileri boldylar
18.08.2025 | 20:05 |“2025-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýen derejesine bolan Aktau şäherinde, däp bolan çagalaryň oýunlaryna bagyşlanan ýetgitjek suratkeşleriň bäsleşiginde ýeňijiler üçin baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dürli ýurtlardan gelen zehinleri birleşdiren döredijilik bäsleşiginde Türkmenistandan ýaş suratkeşler gowy netijeleri görkezdilerip, esasy baýraklara eýe boldylar.
Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Türkiýeden 2000 sany gatnaşyjydan saýlanan 40-dan gowrak ýaş zehinliler öz eserlerini emin agzalaryna we sungaty söýüjilerine hödürledi.
Bäsleşigiň Gran-prisine – esasy baýragyna – Türkmenistanyň wekili Bibinamat Aşyrowa eýe boldy. Mundan başga-da, ýeňijileriň arasynda ýene iki ýaş türkmen suratkeşleriniň ýeňijileriniň hataryna goşuldy: Aýsel Semenderowa ikinji baýraga, üçünji baýraga bolsa – Wepa Geldimuhammedow eýe boldy.
Baýrak gowşurylyş dabarasyna TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew gatnaşdy we bu taslamalaryň medeni alyş-çalyş we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin möhümdigini aýtdy. “Biziň ýaşlarymyzy sungat arkaly birleşdirmek, türki dünýäsinde medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar” – diýip, ol öz çykyşynda belledi.
Ýeňijilere TÜRKSOÝ-yň we Aktau şäheriniň ýolbaşçylygynyň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Bu döredijilik taslamasy, türki ýurtlarynyň medeni mirasynyň baýlygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
ORIENT