Iň täze habarlar

Daşary ýurtlaryň teatrlary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde özleriniň çykyşlaryny gurar

03.11.2023 | 10:46 |
 Daşary ýurtlaryň teatrlary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde özleriniň çykyşlaryny gurar

14 — 16-njy noýabrda Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçiriler. Bu festiwala görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni bolan mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Bu döredijilik forumyna Azerbaýjanyň Döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň Döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň Döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşarlar.

Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasynyň boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza halkara festiwaly geçirmegiň meýilnamasyny, şeýle hem onuň nyşanynyň, teatr toparlaryna gowşuryljak nyşanyň teklip edilýän taslama görnüşlerini hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä halklarynyň köpugurly medeniýetiniň kämilleşmegine mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal hem dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere möhüm ähmiýetli bu halkara festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: