Iň täze habarlar

Merkezi Aziýanyň öwüşgüni: zergärlik modasy

04.11.2023 | 14:58 |
 Merkezi Aziýanyň öwüşgüni: zergärlik modasy

Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezi, 10-njy noýabrda «Merkezi Aziýanyň öwüşgüni: şäher we çarwa zergärligiň modasy» ady bilen leksiýa geçirer. Ol Merkezi Aziýanyň zergärçilik sungatyna bagyşlanar.

Ýüpek ýolunyň kartasynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň şäherleri henizem medeni ähmiýetini saklaýar. Tükeniksiz sähralaryň, gum gerişli çägeli çölleriň we beýik daglaryň zenanlarynyň dünýäsi taryhda berk maşgala we jemgyýetçilik gylyk-häsiýet kadalary bilen düzgünleşdirilýärdi. Şol bir wagtyň özünde, aýallar, zergärleriň olar üçin ýasan hakyky şaý-sepler hazynasynyň hem eýesi boldylar. Gymmat bahaly daşlar bilen örtülen döşe, saça we maňlaýa dakylýan şaý-sepler, aýal-gyzlary şa zenanlaryna üýtgedýärdi.

Leksiýanyň diňleýjileri, zergär ussalaryň işlerinde gizli nyşanlary öwrenerler, şeýle hem «Aziýanyň ýüregi» sergisiniň çäginde görkezilen käbir şaý-sepleri görüp bilerler.

Lektor - kolleksioner, medeniýet alymy Ýelizaweta Wereina kolleksiýasyndaky şaý-sepleriň nusgalaryny görkezer.

ORIENT news

Foto: rsl.ru

Şeýle hem okaň: