Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň “Milli jebislik güni” bellendi
05.11.2023 | 19:40 |Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda ýekşenbe güni myhmanlary kabul etdi - Russiýa Federasiýasynyň Milli jebislik gününi birnäçe çäreler bilen bellediler, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary baýramçylyga we şol bir wagtyň özünde Russiýanyň dürli sebitleriniň medeniýetine we senetçiligine bagyşlanan ýörite ussatlyk sapaklara gatnaşdylar. TASS-yň habarçysy Oleg Pawlenko festiwala baryp gördi we reportažynda bular barada gürrüň berdi.
Çärä gatnaşyjylar jamlary (tarelkalary) bezeg bilen boýamakda, zenanlaryň däp bolan başgaplaryny ýa-da demirgazyk halklarynyň ýaşaýyş jaýlarynyň nusgasyny ýasamakda ellerini synap gördüler.
Festiwalyň myhmanlary Russiýanyň halklarynyň tanslarynyň ýerine ýetirilişini gördüler, interaktiw wiktorina gatnaşdylar, şol ýerde rus şäherlerindäki ýadygärlikleri ekrandaky suratlardan synladylar. Soňra bolsa, isleg bildirýänler “Aý, näme üçin Iwany söýýärin?” («Ой, за что люблю Ивана») tans fleş-mobyna goşuldylar.
Russiýanyň ilçihanasynyň ýerinde ýerli bezeg we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ýarmarkasy bolup, olar türkmen stilinde ýasalan suratlary, sumkalary, oýunjaklary we tagamlary hödürlediler.
Merkezi Russiýa bagyşlanan ussatlyk sapaklarynda myhmanlar monjuklardan “Moskwa-Siti” panelini taýýarlamaga çagyryldy. Taýýarlanan reportažda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary, Rushyzmatdaşlygyň wekili Ýuliýa Zaýtsewanyň “Biz Russiýanyň diňe bir dostlukly ýurt däl, ruhy medeniýete hem baýdygyny, şeýle hem has döwrebap, ýokary tehnologiýaly döwletdigini görkezmek isledik. Biz muňa örän buýsanýarys we ony bütin dünýä bilen paýlaşmak isleýäris" diýen, sözleri getirilýär.
ORIENT news