Türkmen aktrisasy Bakuwdaky teatr festiwalynda iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy
05.11.2023 | 20:09 |Azerbaýjanyň döwlet akademiki sazly teatrynda TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalynyň ýapylyş we baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Festiwalyň ýapylyş dabarasynda eden çykyşynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligine myhmansöýerlik we guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Baş sekretar ilkinji festiwalyň üstünlikli geçendigini belläp, TÜRKSOÝ-yň nobatdaky teatr festiwalynyň indiki ýyl Aşgabatda geçiriljekdigini aýtdy. Bu barada “Azernews” habar berýär.
Soňra türki ýurtlarynyň öňdebaryjy teatr toparlaryny birleşdiren festiwalyň ýeňiji bolan çykyşlary yglan edildi. Türki dünýäsiniň teatr şahsyýetlerinden ybarat emin agzalarynyň pikiriçe, Stambul döwlet teatry “Bir Hefes Dede Gorgud” pýesasy bilen “Iň oňat saz kompozisiýasy” kategoriýasynda ýeňiji boldy.
“Iň gowy çykyş” kategoriýasynda “Çaga Güne degýär” («Ребенок, касающийся солнца») çykyşy bilen “Issykgel” sazly-drama teatrynyň (Gyrgyzystan) we Samarkand sazly-drama teatrynyň (Özbegistan) “Leýli we Mejnun” eserleri ýeňiji boldy.
“Gorguda hakynda ertekisi” bilen Türküstan sazly-drama teatry (Gazagystan) spektaklyň iň gowy plastik çözgüdi üçin baýragy aldy.
Bäsleşigiň “Iň oňat zenan keşbi” diýen ady iki artiste - Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryndan Gülnabat Abdullaýewa we Azerbaýjan döwlet akademiki milli drama teatryndan Mesma Aslangyza berildi.
Festiwalyň çäginde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylar Geňeşiniň 9-njy mejlisi hem geçirildi we bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Bu resminamada, türki halklarynyň arasynda teatr pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, sahna eserleriniň sungat alyş-çalşygy we ş.m görkezilendir.
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy mejlisiniň 2024-nji ýylda “Türk dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Türkmenistanyň Änew şäherinde geçiriljekdigi bellendi.
ORIENT news