Türkmen režissýory Özbegistanda geçirilen halkara konferensiýa gatnaşdy
07.11.2023 | 12:13 |Türki dünýäsiniň ýurtlarynyň kino guramalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyndan soň, 5-nji noýabrda Samarkantda “Kino we media dünýäsi: Mirasa täzeçe garaýyş” atly halkara maslahaty geçirildi.
Bu çärede, kinematografiýa guramalarynyň döredijilik we önümçilik işlerini utgaşdyrmak, şeýle hem türki dilli ýurtlaryň arasynda kino önümçiligi pudagynda birleşmegiň täze mehanizmleri barada durup geçildi.
Türkmen kinosynyň at gazanan ussady Hojaguly Narlyýew hem bu konferensiýa gatnaşyp, maslahata gatnaşyjylara türkmen kinorežissýorlarynyň türki dünýäsiniň görnükli şahsyýetleri barada film döretmek boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem režissýor dogan halklaryň taryhy we medeniýeti barada bilelikdäki filmleri öndürmekde ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
ORIENT news