Magtymguly barada taýýarlanylan täze sahna eseri halkara festiwalda ilkinji gezek görkeziler
08.11.2023 | 10:50 |14 — 16-njy noýabrda ýurdumyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Halkara festiwalyň açylyş dabarasy 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat adyndaky baş akademiki drama teatrynda geçiriler.
Halkara festiwalyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna eseri hem görkeziler. Oýun 16-njy noýabrda sagat 10:00-da başlanar.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan edebi esasy boýunça Eziz Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan oýunda Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä, din, ylym, adam hakdaky filosofik pikirleri açylyp görkezilýär.
Azerbaýjanyň döwlet sazly-drama teatry, Gazagystanyň drama teatry, Gyrgyz Respublikasynyň sazly-drama teatry, Tatarystanyň döwlet akademiki teatry, Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatry, Özbegistanyň sazly-drama teatry Aşgabatda geçiriljek festiwala gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.
ORIENT news