Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

09.11.2023 | 08:30 |
 Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowa we ýurduň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Ernesto Ramirez we beýleki degişli wekiller bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu günler Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň wekillerinden ybarat wekilçilikli türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisine gatnaşýar.

Screenshot_2023-11-09-08-26-57-799-edit_com.instagram.android.jpg

Taraplar, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäginde möhüm öňegidişlikleriň gazanylandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu senä bagyşlanan dabaralary we çäreleri guramak meselelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda medeniýet ministri Şamyradow ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylaryny geljek ýylda bellenýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: