Türkmen režissýorunyň düşüren filmi Minsk şäherinde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler
12.11.2023 | 14:06 |Kino režissýor Sahysalyh Baýramowyň “Daragt” çeper filmi 17-nji noýabrdan 24-nji noýabr aralygynda geçiriljek “Listapad” atly 29-njy Minsk halkara film festiwalynyň bäsleşik meýilnamasyna girizildi.
Çäräniň resmi web sahypasy 107 ýurtdan bolan kinorežissýorlardan jemi 2087 ýüztutmanyň gelip gowşandygyny habar berdi. Çärä gatnaşyjylaryň geografiýasy örän giň bolup, oňa Ýewropa, Aziýa, Amerika we Afrika ýaly yklymlardan kino ussatlary gatnaşýarlar. Iň köp ýüz tutma Eýrandan, Hindistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Braziliýadan we Hytaýdan iberildi.
Kabul edilen ýüztutmalardan hünärmenler film festiwalynda diňe Minskdäki kinoteatrlarda däl, eýsem ýurduň sebitlerinde hem görkeziljek iň ajaýyp filmleri saýladylar.
Sahysalyh Baýramowyň filmi 22-nji noýabrda Minskiýniň Merkezi kinoteatrynda görkeziler (13.30-da başlar).
Mundan başga-da, “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň režissýory Sahysalyh Baýramow 17-21-nji noýabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçiriljek 1-nji Bişkek halkara film festiwalyna hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Baýramow, festiwalyň çäginde Çingiz Aýtmatowyň 95 ýyllygyna bagyşlanan foruma we geljekki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyljak kinorežissýorlaryň mejlisine gatnaşar.
ORIENT news