Iň täze habarlar

Türkmen lybaslarynyň moda görkezilişi Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde geçirilen sergä aýratyn öwüşgin çaýdy

11.03.2024 | 20:58 |
 Türkmen lybaslarynyň moda görkezilişi Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde geçirilen sergä aýratyn öwüşgin çaýdy

Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde ýekşenbe güni dünýäniň medeni dürlüligini görkezýän çäre - Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi guraldy. Medeniýetiň we sungatyň bu festiwaly dürli ýurtlaryň sergi diwarlyklaryny birleşdirdi. Olaryň hersi milli mirasyň we medeni gymmatlyklary döretmekde we ösdürmekde zenanlaryň gaýtalanmajak goşandynyň aýdyň beýany boldy.

1.jpg

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň "Mengli Secrets World Fashion" modalar öýi bilen hyzmatdaşlykda gurnan pawilýony aýratyn ýerde ýerleşdirildi. Niderlanlarda esaslandyrylan bu modalar öýi milli türkmen stilinde lybaslary we şaý-sepleri taýýarlamaga ýöriteleşendir. Bu pawilýon türkmen halkynyň medeni mirasynyň, baý mozaikasynyň hem-de döredijilik däpleriniň özboluşly beýan edilmesi boldy. Görkezilen lybaslar toplumy gaýtalanmajak şaý-sepler özboluşly saz gurallary bilen birlikde bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

2.jpg

Türkmenistanda şu ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagynyň hormatyna çap edilen neşir önümleri hem sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.

3.JPG

Türkmenistanyň ilçisi bu ýere gelenlere milli sergi bölümi bilen tanyşdyrdy we türkmen medeniýetiniň esasy aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Şunda Magtymguly Pyragynyň milli medeniýetde eýeleýän ornuna we onuň Gündogaryň ruhy dünýäsine eden täsiri barada giňişleýin durlup geçildi.

4.JPG

Ýewropaly modelleriň türkmen lybaslaryny geýip, bu ýere gelenleriň öňünde görkezmekleri çäräniň aýratyn tolgundyryjy wakasy boldy. Görkezilişiň milli sazlar bilen utgaşmagy bu ýere gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy we hatda olar türkmen milli sazlarynyň astynda tans hem etdiler.

5.JPG

Eýndhowendäki "Parktheater" teatry türkmen sazlarynyň ýaňlanan, dürli milletiň adamlarynyň bolsa onuň jadyly mukamynyň astynda birleşen, umumy dil tapan ýeri bolup, medeni alyşmanyň we medeni dürlüligi baýram etmegiň täsirli güýjüni görkezdi.

6.JPG

7.JPG

8 .png

9 .JPG

10 .png

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: