Iň täze habarlar

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Söz älemi” atly halkara okamak bäsleşigi gatnaşmaga çagyrýar

12.03.2024 | 19:29 |
 Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Söz älemi” atly halkara okamak bäsleşigi gatnaşmaga çagyrýar

Nury Halmamedowyň adyny göterýän VIII Moskwa halkara “Dutaryň owazlary” sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti “Söz älemi” atly okamak bäsleşigine ýüztutmalary kabul edip başlandygyny habar berdi.

Bäsleşik, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogara bagyşlanan rus edebiýatynyň eserlerini wagyz etmek, ýaş nesilde milli medeni gymmatlyklara hormat goýmak we seresaplylyk bilen garamak, okamaga gyzyklanma döretmek we okyjylaryň gözýetimini giňeltmegi maksat edinýär.

Bäsleşigiň maksatlaryna adamzadyň iň gowy häsiýetleri bolan poeziýa we edebiýat arkaly bilim almak: raýatlyk, ruhubelentlik, watançylyk, köpmilletli Watana bolan söýgi we hormat, estetiki tagamyň ösmegi, okamak ukyby, aktýorlyk ukyby, çeper pikirlenmä gyzyklanma bar bolan ýaş nesli, zehinli çagalary we ýaşlary ýüze çykarmak we olary goldamak hem girýär.

Arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 1-nji oktýabry aralygynda şu elektron-poçta arkaly kabul edilýär: festival.sounds-of-dutar@mail.ru

Bäsleşik doly we hat alyşma görnüşinde geçirilýär. Emin agzalaryň hataryna Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri, teatr we kino sungaty işgärleri, professorlar, teatr uniwersitetleriniň mugallymlary girýär.

“Söz älemi” atly okyjylaryň halkara edebi bäsleşigini geçirmegiň tertibi baradaky düzgünnamany şu web sahypasyndatapyp bilersiňiz.

1 (edited).jpg

ORIENT news

Foto: “Dutaryň owazlary” sungat festiwalynyň guramaçylyk topary tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: