Iň täze habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli şygryýet agşamy geçirildi

10.05.2024 | 15:25 |
 «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli şygryýet agşamy geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan şygryýet agşamy ýurdumyzda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygara we beýik türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Geçirilen çärä Türkmenistanyň ýazyjy-şahyrlary, gazet-žurnallarynyň redaktorlary we habarçylary, şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdy.

Şygryýet agşamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda beýik şahyryň hem-de filosofyň döredijiliginiň ylmy esasda Türkmenistanyň çäklerinde we daşary döwletlerde giňden we çuňňur öwrenilýändigi uly buýsanç bilen bellenildi.

Şeýle hem, çärede Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri täze joşgunda, belent ruhda ýaňlandy. Akyldar şahyryň Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly ruhlandyryjy eserleri şygryýet agşamyna gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

ORIENT news

Foto: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: