Türkmenistan Buharada geçirilen altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işiniň halkara festiwalyna gatnaşdy
11.05.2024 | 09:13 |Türkmenistandan zergär Göwher Nuryýewa we dizaýner Jennet Garlyýewa Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilýän ikinji Halkara altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işiniň festiwalyna gatnaşdylar.
Göwher Nuryýewa festiwalyň myhmanlaryny özüniň şaý-sepleri bilen tanyşdyrdy, Jennet Garlyýewa bolsa egin-eşik toplumlaryny halka hödürledi. Bu toplumlar Özbegistandan ýüpek öndürijisi Aziz Murtazaýew bilen bilelikde taýýarlanyldy.
Altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işiniň halkara festiwaly altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işi pudagynda işleýän zehinli hünärmenleri ýüze çykarmaga, ýitip barýan, täsin sungat eserlerini gorap saklamaga we dikeltmäge gönükdirilendir.
Festiwala gatnaşmak üçin 42 ýurtdan 157 senetçi we myhman, şeýle hem Özbegistanyň ähli sebitlerinden 280 senetçi geldi.
Halkara festiwalyň çäklerinde dürli sergiler, aýdym-sazly sahna çykyşlary, şeýle hem «Adaty altyn bilen keşdelemek we zergärçilik sungatlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat guralar.
ORIENT news