Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

16.05.2024 | 10:46 |
 Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Geçirilen dabara Türkiýäniň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, meşhur ýazyjy-şahyrlar, syýasy-jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-i gatnaşdy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly Muhammetnur Öwezow Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem türkmen diplomaty Magtymguly Pyragynyň mirasynyň Türkmenistanyň we köp sanly döwletiň medeniýeti üçin ähmiýetini belläp geçdi.

Şeýle hem, dabaranyň çäklerinde ýaş poeziýa söýüjiler beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerini okadylar.

Gatnaşyjylar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan suratlaryň, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndylarynyň, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: