Iň täze habarlar

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

18.10.2024 | 13:00 |
 Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy 2025-nji ýylda maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky topardaşlaryny öwrendi. Bije çekişlik AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda geçirildi. Bije çekişlige 19 ýygyndy gatnaşdy.

Bije çekişligiň netijesinde türkmen ýygyndysy «C» toparçada düşdi. Bu toparçada Türkmenistanly futzalçy zenanlardan başga-da, toparçanyň ýer eýesi bolan ― Özbegistanyň, Awstraliýanyň, Filippinleriň we Kuweýtiň ýygyndylary bar.

Bije çekişligiň netijesinde aşakdaky toparçalar emele geldi:

«A» toparça: Tailand (ýer eýeleri), Liwan, Bahreýn, Palestina, Yrak;
«B» toparça: Indoneziýa (ý.e.), Gonkong, Pakistan, Hindistan, Gyrgyzystan;
«C» toparça: Özbegistan (ý.e.), TÜRKMENISTAN, Awstraliýa, Filippinler, Kuweýt;
«D» toparça: Wýetnam, Taýwan, Makao, Mýanma (ý.e.).

Saýlama tapgyryň duşuşyklary geljek ýylyň 11 ― 19-njy ýanwary aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Bu duşuşyklaryň netijesinde her toparçada öňdäki iki orny eýelän we üçünji orny eýelänleriň hem iň gowy ýygyndysy yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşar. Hytaý ýer eýesi hökmünde, Eýran bilen Ýaponiýa bolsa 2018-nji ýyldaky yklym ýaryşynyň finalçylary hökmünde saýlama duşuşyklara gatnaşmaýar.

Mundan ozal 2015-nji we 2018-nji ýyllarda geçirilen yklym ýaryşlarynyň ikisinde hem Eýranyň ýygyndysy çempion bolupdy.

ORIENT news

Foto: www.tff.com.tm

Şeýle hem okaň: