Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar milli ýygyndy toparynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda garşydaşlary belli bolar
15.10.2024 | 19:45 |17-nji oktýabrda Kuala-Lumpurda (Malaýziýada) Futzal boýunça 2025-Aziýa Kubogynyň zenanlar ýygyndy toparlarynyň saýlama ýaryşlarynyň bije çekilişigi geçiriler. Bije çekilişik Aşgabat wagty boýunça sagat 12:00 başlar. Saýlama ýaryşa 19 topar gatnaşyp, 2018-nji ýylda geçirilen Aziýa Kubogynyň netijelerine laýyklykda torbalara bölünen. Geçen ýaryşa gatnaşmadyk toparlar dördünji torba degişli boldular. Bije çekilişigiň öň ýanynda torbalaryň düzümi: 1-nji torba: Wýetnam; 2-nji torba: Taýwan, Gonkong, Liwan, Türkmenistan; 3-nji torba: Bahreýn, Makao; 4-nji torba: Awstraliýa, Hindistan, Yrak, Gyrgyzystan, Päkistan, Palestina; Filippinler; Saýlama ýaryşlaryň eýeleriniň torbasy: Taýland, Indoneziýa, Özbegistan, Mýanma. Saýlama ýaryşlar 2025-nji ýylyň 11-19-njy ýanwar aralygynda geçiriler. 9 sany ýygyndy, ýagny her topardan iki sany iň gowy ýygyndy bilen goşmaça üçünji ýygyndy jemleýji tapgyra geçer. Hytaýda maý aýynda geçiriljek jemleýji ýaryşlarda olara Hytaý, şeýle hem Eýran we Ýaponiýa goşulşarlar. Jemleýji ýaryşlaryň neijeleri boýunça iň gowy üç topar 2025-nji ýylda noýabr-dekabr aýlarynda Filippinlerde geçiriljek ilkinji Dünýäniň kubogyna saýlanar.
ORIENT news