Iň täze habarlar

Frankfurtyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

28.03.2025 | 10:30 |
 Frankfurtyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Şu hepde Türkmenistanyň GFR-daky konsuly (Maýn boýundaky Frankfurt) Myrat Özbekbaýew Frankfurtyň söwda-ykdysady birleşiklerinde işewürlik duşuşyklaryny geçirdi, ýagny bu gurluşlar bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Frankfurtyň Ykdysady ösüş agentliginde bu edaranyň Ýewropa ýurtlarynda, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy sebitlerinde taslamalar boýunça ýolbaşçysy Anna Stepanenko bilen geçirilen duşuşykda konsul, Frankfurt şäher häkimliginiň howandarlygynda işleýän we Frankfurt aglomerasiýasynda hususyýetçiligi we söwdany çalt ösdürmek üçin döredilen birleşigiň işleri we maksatlary bilen tanyşdyryldy.

Агентство экономического развития Франкфурта.jpg

Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Reýn-Main sebitiniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, GFR-da türkmen işewürligini ösdürmek, iş maslahatlaryny guramak we tanyşdyryş forumlaryny geçirmek barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşyldy.

Frankfurtyň Söwda-senagat edarasynda bu edaranyň, Halkara söwda departamentiniň ýolbaşçysy ürgen Ratzinger we Merkezi, Gündogar we Günorta Ýewropa, Türkiýe we Merkezi Aziýa boýunça direktory Paul Şmits bilen geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

German tarapyna energetika, nebithimiýa, dokma we lukmançylyk senagaty pudaklarynda geljegi uly taslamalar bolan maýa goýum mümkinçilikleri we ýurdumyzyň eksport önümleriniň mümkinçilikleri barada maglumat berildi.

ТПП - 1.jpg

Şeýle hem Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen Frankfurtda bilelikdäki işewürlik çärelerini geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Germaniýadaky iň gadymy we ykdysady taýdan güýçli, Frankfurt şäherini we onuň golaýyndaky ýokary Taunus we Main-Taunus sebitlerini öz içine alýan we 102 000-den gowrak agzalary öz içine alýan, agzalarynyň sany boýunça 3-nji ýeri eýeleýän Frankfurt Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardygyny mälim etdi.

ORIENT

Foto: Germaniýadaky Türkmenistan konsullygy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: