Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Lesoto we Eswatini bilen LLDC3-a taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdy
07.07.2025 | 20:25 |7-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow kärdeşleri Lesoto Patyşalygynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklary ministri Lejone Mpotjoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Folile Şakantu bilen aýratynlykda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Iki söhbetdeşligiň dowamynda-da diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara meýdançalarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek isleýändiklerini tassykladylar.
Gepleşikleriň dowamynda Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Bu mesele boýunça pikir alyşmak, Afrika yklymyň iki ýurdy we geçiriljek forumy kabul ediji ýurt hökmünde Türkmenistan üçin möhümdigini nygtaýar.