Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

09.07.2025 | 10:25 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Argentinanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe ýurduň milli baýramçylygy bolan Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

Öz gutlagynda türkmen döwletiniň Baştutany tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberip, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan islegini beýan etdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidentine berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Argentinanyň Garaşsyzlyk güni 1816-njy ýylda Ispaniýadan garaşsyzlygynyň yglan edilmeginden bäri her ýyl 9-njy iýulda bellenilýär.

ORIENT

Foto: vamospanish.com

Şeýle hem okaň: