Iň täze habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň maslahatyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerine ýolbaşçylyk edýär

09.07.2025 | 23:52 |
 Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň maslahatyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerine ýolbaşçylyk edýär

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň (LLDC3) geçiriljek desgalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Kongresler merkezine we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy beýleki desgalaryna baryp görmegi, bu ählumumy derejedäki forumyň üstünlikli geçirilmegine Türkmenistanyň berýän ähmiýetini tassyklaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kongresler merkezini synlady – bu merkez Maslahatyň çäginde dürli derejedäki duşuşyklar üçin meýdança bolup hyzmat eder. Gurbanguly Berdimuhamedow daşky we içki bezeg işlerine baha berip, binanyň abadanlaşdyrylyşynyň we enjamlaşdyrylyşynyň onuň işewürlik we syýasy işjeňlik ýagdaýyna laýyk gelmelidigini nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtly wekilleriň ýokary derejede işläp bilmekleri babatda zerur tagallalary etmek boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi hem-de meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin sazlaşykly işler ýola goýulmalygyny we bu işlerde dünýä ülňüleri esasy ugur edinilmelidigini nygtady.

Gözden geçirişiň dowamynda öňde boljak çäreleri giňişleýin şöhlelendirilmegine üns berildi. Halk Maslahatynyň Başlygyna, binanyň häzirki zamanyň iň täzeçil tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylandygy, olarda gepleşikleri we duşuşyklary geçirmek, wakalary giňden beýan etmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigi barada jikme-jik maglumatlar berildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Hazar deňziň çägi boýunça ýüzüşi amala aşyrdy. Ýüzüşiň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň yzygiderli ösüşi we abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Hazaryň kenarynda ýylyň ähli paslynda dynç almak we saglygyňy berkitmek üçin we her ýylda dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara çäreleriň geçirilýän merkeze öwrüldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem halkara maslahatyň çäklerinde medeni-ynsanperwer çäreleriň ýaýbaňlandyryljak ýerine baryp gördi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary, çaýhananyň, oýun-güýmenje meýdançalarynyň taslamalary hödürlendi. Forumyň köpöwüşginli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtamak bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirjek halkara forum ýatda galyjy wakalara, täsirli pursatlara beslenmelidir diýip belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkitjekdigini aýratyn belledi.

Halkara foruma gatnaşýan myhmanlary ýerleşdirmek üçin niýetlenen Awazanyň çägindäki myhmanhanalary gözden geçirilişiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow olarda ýokary derejeli ýaşaýyş we oňaýly dynç alyş üçin döredilen ähli zerur şertler bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda halkara foruma çenli az wagtyň galandygyny nazara alyp, ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň giňişleýin maglumat goldawyna aýratyn üns berildi: KHBS gündelik maslahatyň gidişini, onuň esasy çözgütlerini hem-de taryhy ähmiýetini şöhlelendirmelidir.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: