CNPC korporasiýasynyñ Türkmenistandaky şahamçasy ulag serişdelerini satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
01.04.2025 | 13:35 |Hytaýyñ "International Ltd " milli nebitgaz korporasiýasynyñ Türkmenistandaky şahamçasy ulag serişdelerini satyn almak boýunça №. CIT-25006-MR belgili Bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildiren her bir kompaniýa aşakdakylary ýerine ýetirmek teklip edilýär:
-
Bäsleşigiñ belgisini we adyny, gatnaşyjynyñ doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnyş ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak islegi baradaky resmi haýyşnamany tabşyrmak;
-
Bäsleşik resminamalaryny almak üçin pul serişdelerini geçirmäge hasaby almaly. Pul serişdeleri geçirmek üçin hasabyñ alynmagy ýazmaça haýyşnama tabşyrylanda berilýär;
-
Kompaniýanyñ wekiliniñ pasportynyñ nusgasynyñ, bäsleşik resminamalarynyñ we pul geçirimleriñ nusgalaryny almak hukugyna bolan baş ynanç hatynyñ nusgalaryny tabşyrmak bilen, bäsleşik ýumuşyny (ITB) öz içine alýan bukjany almak.
Haýyşnamalar bäsleşik baradaky bildirişiñ köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilenden soñ 14 (on dört) senenama günüñ dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden soñ gelen haýyşnamalar kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri baradaky has takyk maglumatlaryñ alynmagy hem-de haýyşnamalaryñ kabul edilmegi aşakdaky salgy boýunça amala aşyrylýar:
Salgy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, Hytaýyñ "International Ltd " milli nebitgaz koprorasiýasynyñ Türkmenistandaky şahamçasynyñ binasy, Aşgabat, Türkmenistan.
Habarlaşmak üçin: Narine Simonýan; (+993-12) 44-54-34
ORIENT news