Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz, karbamid we çig mata satyldy

23.07.2025 | 13:50 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz, karbamid we çig mata satyldy

22-nji iýul, sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nebit-himiýa hem-de ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

BAE-niň we Türkiýeniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn aldylar.

Gyrgyzystanly telekeçiler türkmen işewür toparlarynyň wekilleri bilen çig mata satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 92 614 620,00 ABŞ dollaryna barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda kesilen nyrhlar bilen şu salgydan tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: