Türkmen ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşdy
04.04.2025 | 12:55 |2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky şol bir wagtyň özünde Moldowa Respublikasynda akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Sergeý Mihow bilen duşuşygy geçirildi.
Moldowanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, bilim we syýahatçylyk babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn syýasy we hökümetara geňeşmeleri işjeňleşdirmek meselesine hem üns berdiler. Munuň bilen baglylykda, şu ýyl Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Moldaw hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi bilen bilelikde iň ýokary derejeli duşuşyklaryň tertibi ylalaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty Moldowa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli “Parahatçylyk we ynanyşmak” halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
ORIENT news