Duşenbede halkara derejede aragatnaşyk we sanly integrasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar
08.04.2025 | 20:35 |Şu gün, 8-nji aprelde Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Aragatnaşyk boýunça Sebitleýin hyzmatdaşlyk (ASH) guramasynyň Toparynyň 27-nji maslahaty başlandy. Halkara duşuşygyň gün tertibinde milli ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagynyň geljegi we telekommunikasiýa pudagynyň ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar.
ASH aragatnaşyk ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Ýewraziýa döwletlerini birleşdirýär. ASH Toparynyň maslahatlary gatnaşyjy ýurtlaryň çäginde ýylda iki gezek geçirilýär. 2025-nji ýylyň aprel aýyndaky ýygnak Duşenbe şäherinde geçirilýär. Täjigistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň hem gatnaşmagynda 19 döwletiň wekilleri we Halkara elektaragatnaşyk birleşiginiň (ITU) wekilleri ýygnandy.
Çärede radioýygylyk çäkleriniň we hemra orbitalarynyň kadalaşdyrylmagy boýunça pikir alyşmalar, «Sanly transformasiýa: mümkinçilikler we çözgütler» atly forum, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň sergisi geçirildi.
Forumyň gatnaşyjylary ýurtlaryň aragatnaşyk operatorynyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, döwletlerde aragatnaşyga deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, pudagyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, 4G we 5G standartly mobil aragatnaşyk bazasynyň täze beketleriniň döredilmegi, hyzmatlaryň bahalarynyň optimizasiýasy, ýurduň telekommunikasiýa ulgamlarynyň halkara suwasty internet kabel ulgamyna gönüden-göni birikdirilmegi, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy, uly göwrümli maglumatlary işlemäge niýetlenen merkezleriň we maglumat bazalarynyň döredilmegi, hemra aragatnaşygy ulgamlarynyň we tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça Toparyň 27-nji maslahatynyň dowamynda radioýygylyk çäkleriniň we hemra orbitalarynyň sebitleýin hem-de sebitara derejede kadalaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleler seljerildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar şeýle ýygnaklaryň geçirilmeginiň aragatnaşyk pudagynyň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin esas döredýändigini bellediler.
Wekiller Radioaragatnaşyk Assambleýasyna, 2027-nji ýylda geçirilmegine garaşylýan Bütindünýä radioaragatnaşyk maslahatyna, şeýle hem Halkara Aragatnaşyk birleşiginiň döredilmeginiň 160 ýyllygyna taýýarlyk meselelerine hem gararlar. Maslahatyň işi 11-nji aprele çenli dowam eder.
2023-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Aragatnaşyk boýunça Sebitleýin hyzmatdaşlyk (ASH) guramasynyň Aragatnaşyk dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 59-njy bilelikdäki maslahaty we ASH bilen hyzmatdaşlykda GDA degişli döwletleriň sanlylaşdyrmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiniň 29-njy maslahaty geçirildi.
ORIENT