Iň täze habarlar

Merkezi Aziýa bilen Hytaý sanly aragatnaşyk eýýamynyň “Ýüpek ýoluny” döretýär: Astana forumy

22.06.2025 | 18:35 |
 Merkezi Aziýa bilen Hytaý sanly aragatnaşyk eýýamynyň “Ýüpek ýoluny” döretýär: Astana forumy

Astana, 22-nji iýun | ORIENT. Gazagystanyň paýtagty Astana şäheri sebitde media hyzmatdaşlygynyň ösüşi üçin esasy wakanyň meýdançasy boldy — bu ýerde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, hyzmatdaşlyk forumy şeýle hem “Ýüpek ýoly” üçinji halkara aragatnaşyk maslahaty geçirildi. Bu çäre dialogyň alty ýurdunyň, şol sanda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we gatnaşyklaryň formatlary boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Forumy açyp, Sinhua habarlar agentliginiň baş direktory Fu Hua Merkezi Aziýanyň Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň çatrygy hökmünde özboluşly geosyýasy ýagdaýyny aýratyn belledi. Ol ýokary hilli we döwrebaplaşdyryş ýörelgelerine esaslanýan bilelikdäki bileleşikleri gurmak maksady bilen birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň täze ruhuny döretmäge çagyrdy. Onuň sözlerine görä, media we seljeriş merkezleri halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşinde deňhukuklylygy we özara özara bähbitliligi ösdürmek üçin esasy meýdança öwrülmelidir.

44.jpg

Forumyň çäginde Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň ýerine ýetiriji sekretary Akmuhammet Jumagulyýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol Merkezi Aziýa we Hytaý halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň we berk dostlugyň hunlar, parfiýalylar we kuşanlar ýaly gadymy imperiýalaryň döwründen gözbaş alyp gaýdýan köp asyrlyk taryhynyň bardygyny belläp geçdi. Bu taryhy gatnaşyklar häzirki zaman syýasy dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we medeni alyş-çalyş üçin esas döretdi.

Özara üstüni ýetirýän Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” we Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” strategik başlangyçlara aýratyn üns berildi. DIM-iň wekiliniň pikiriçe, hut şu hyzmatdaşlyk iri sebitleýin we sebitara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Bu aýdylanlara mysal hökmünde Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi we Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesi bellenildi. Ýagny bu diňe bir ykdysady gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, Hytaý üçin sebitiň we Hytaýyň Merkezi Aziýa üçin strategiki hyzmatdaş hökmünde barha artýan ornuny görkezýär.

Акмухамед (1).jpg

Sanlylaşdyrmanyň we media ösüşini öňe çykarylýan döwründe türkmen tarapy Hytaýyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary tejribesine uly gyzyklanma bildirdi. Jumagulyýew ygtybarly we obýektiw maglumat çeşmesi hökmünde Hytaýyň habarlar agentlikleriniň, ilkinji nobatda “Sinhua”-nyň abraýyny belledi. Ol žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesinde tejribe alyşmagy teklip etdi – bu sanly žurnalistika, galp maglumatlara garşy hereketler we syýasy seljermeler ulgamyndaky okuw meýilnamalaryny guramak bilen baglanyşyklydyr. Bilelikdäki bilelikdäki media taslamalary baradaky pikir, şol sanda umumy taryhy we medeni mirasa bagyşlanan dokumental filmleri hem-de seljeriş materiallaryny döretmek, şeýle hem ylalaşylan maglumat strategiýalaryny öňe sürmek üçin halkara guramalarynyň çäginde çäreleri utgaşdyrmaklyk beýan edildi.

Акмухамед (3).jpg

Forumyň gün tertibiniň dowamynda tematiki sessiýalar hem geçirildi. Geçirilen çekişmeleriň birine “MEDIA TURKMEN” habarlar agnetliginiň baş direktory Bekdurdy Amansaryýew hem gatnaşdy. Dünýäniň täze keşbini döretmekde medianyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşyp, ol esasy pikiri beýan etdi: KHBS ynanyşmagy berkitmekde, medeni özboluşlylygy açmakda we ählumumy giňişlikde sebitiň dogry, adalatly keşbini döretmekde kesgitleýji orny eýeläp biler.

астана3.jpg

Türkmenistan, özara bähbitliligiň we açyklygyň nyşany bolan “Beýik Ýüpek ýoly” hakynda hormata, deňhukuklyga we çuňňur taryhy hakyda esaslanýan täze halkara eserleri döretmek pikirini goldaýar. Amansaryýew Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň siwilizasiýalarynyň dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak hazynalarynyň göterijisidigini belledi. Biziň jogapkärçiligimiz diňe bir gorap saklamak bilen çäklenmän, bilelikdäki media taslamalary, sergiler we dokumental filmler arkaly bu mirasy häzirki zaman sanly görnüşde geljek nesillere täzeden düşündirmek we bermekden ybaratdyr.

Bu ýörelgä esaslanyp, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen gönüden-göni baglanyşykly bilelikdäki medeni başlangyçlary ösdürmek, tutuş sebitiň medeni mirasy barada ýeke-täk media arhiwini döretmek barada teklipler öňe sürüld. Bu bolsa ylmy barlagçylar we halk köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak çeşmä öwrüler hem-de Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň baý taryhyna, edebiýatyna we pelsepesine esaslanýan media mazmunynyň bilelikdäki önümçiligini höweslendirer.

Amansaryýewiň pikirine görä bu ädimler, her bir halkyň sesi eşidiljek we düşüniljek siwilizasiýa dialogynyň täze bölümine goşant bolar.

1750582574603.jpg

Medeni gün tertibinden başga-da, MEDIA TURKMEN-iň ýolbaçysy ekologiýa temasynyň üstünde durup geçdi we “ýaşyl” energiýanyň, kommunikasiýanyň we şäherlereniň ähmiýetini nygtady. Türkmenistanyň durnukly ösüşe, energiýa adalatlylygy we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda bilelikde iş alyp barmaga ygrarlylygyny belläp geçdi. Onuň sözlerinä görä media bu işe bilim, tejribe alyşmak we ýaşyl tejribe hem-de tehnologiýalar barada bilim ýaýratmak arkaly hökmän işjeň gatnaşmalydyr.

Çykyşynyň ahyrynda Bekdurdy Amansaryýew ýene-de Beýik Ýüpek ýolunyň nyşanyna ünsi çekdi – ýöne bu gezek mümkinçilik hökmünde. Häzirki zaman sanly kanallaryň, ulag geçelgeleriň we logistika torlarynyň görlüp-eşidilmedik maglumatlary hem-de ynsanperwer utgaşdyrylmagyny talap edýändigini belledi. Hut şunda ol, medianyň esasy ornuny görýär – özara düşünişmek we integrasiýa üçin hereketlendiriji bolmak.

1750608598103.jpg

“Media diňe bir hakykaty şöhlelendirmän – olar dünýäniň umumy keşbini emele getirýär. Şonuň üçin biziň umumy wezipämiz XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluna mynasyp, dogruçyl, adalatly we döredijilik media gurşawyny döretmekdir – diýip, MEDIA TURKMEN-niň ýolbaşçysy belledi. Ol öz çykyşyny çagyryş bilen tamamlady: “Goý biziň aragatnaşygymyz täze birleşýän köpri bolsun – ýürekden ýürege, medeniýetden medeniýete, pikirlerden herekete!”

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: