Iň täze habarlar

Aşgabatda “ITSE” sergisinde “Argus Media” tarapyndan sessiýa geçirildi: energiýa serişdeleriniň bazarlary we logistika

01.05.2025 | 20:30 |
 Aşgabatda “ITSE” sergisinde “Argus Media” tarapyndan sessiýa geçirildi: energiýa serişdeleriniň bazarlary we logistika

Şu gün, 29-njy aprelden 1-nji maýa çenli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen “Halkara söwda we hyzmatlar” (ITSE) atly halkara sergisiniň soňky güni möhüm iş çäreleriniň biri — Britaniýanyň öňdebaryjy seljeriş kompaniýasy “Argus Media Limited” tarapyndan gurnalan ýöriteleşdirilen sessiýa geçirildi.

Energo serişdeleri we çig mallar boýunça bahalaryň kesgitlenmesinde, şeýle hem dünýä bazary üçin täzelikler we seljeriş babatda ykrar edilen üpjünçi bolan “Argus Media” serginiň guramaçysy “TurkmenExpo” bilen hyzmatdaşlykda nebithimiýa we logistika pudagynyň hünärmenleri üçin baý mazmunly maksatnamany taýýarlady. Bu sessiýa bilermenleriň dialogy we öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin meýdança boldy.

2.jpg

Sessiýanyň çäklerinde gatnaşyjylar birnäçe strategik taýdan möhüm ugurlar boýunça jikme-jik seljerme aldylar. Häzirki zaman barlaglary we öňdebaryjy tejribeler hödürlenidi, olardan:

Nebithimiýa we mineral dökünler, logistika ugurlary bilen birlikde;

Kükürt bazary we ony daşamak meseleleri;

Merkezi Aziýanyň we Hazar deňziniň basseýniniň nebit we nebit önümleri bazary.

Nebithimiýa we nebit önümleri bazary temalary boýunça Nikita Danilin, Ýagmyr Gurbanow we Anar Žoldaspaýewa dagylar çykyş etdiler.

3.jpg

Guramaçylaryň belläp geçişi ýaly, bu çäreniň maksady, kompaniýalara amallary işleşdirmäge, çykdajylary azaldyp, halkara bazarlarynda üstünlikli işlemek üçin häzirki zaman bilimini üpjünçilik etmekden ybarat boldy. Çekişmeleriň dowamynda ekologiýa standartlaryna we pudagyň durnukly ösüş ýörelgeleriniň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi.

Ýerli işewür wekilleri üçin bu sessiýa ýokary derejeli halkara hünärmenleri bilen gönüden-göni tejribe alyşmak, gymmatly iş gatnaşyklaryny ýola goýmak we dünýä bazaryndaky öňdebaryjy hünärmenleriň aýratyn seljeriş maglumatlaryna eýe bolmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

6.jpg

“Argus Media Limited”-iň ýöriteleşdirilen sessiýasy, Türkmenistanyň eksporta gönükdirilen pudaklaryny üstünlikli ösdürmek üçin dünýä energiýa çeşmeleriniň we çig mal serişdeleriniň dünýä bazarlarynyň aýratynlyklaryny çuňňur seljermegiň we düşünmegiň möhümdigini belläp, “ITSE” sergisiniň iş meýilnamasynda möhüm waka boldy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: