Hytaýly inžener öz pişigi üçin mini-metrony gurdy
21.08.2025 | 19:40 |Hytaýly Sin atly inženeri dört aýyň dowamynda öz pişigi — Mister Naýs atly meýn-kun üçin üýtgeşik taslamany — doly işleýän mini-metronyň ulgamyny döretdi.
Bu taslama diňe bir oýnawaç däl-de, eýsem hakyky wagonlary, stansiýasy we hatda eskalatory bolan işleýän modeli bolup durýar.
Metro giň gerimli we rahat «Pişik şäheriniň» bir bölegidir. Ulag ulgamynyň daşyndan inžener pişigi üçin dürli güýmenje zolaklaryny hem döretdi:
• ownuk toplar bilen bilýard otagy;
• oýunjak maşynlar üçin awtoduralga;
• ekrany bolan öý kinoteatry;
• «pişik walýutasyny» saklaýan bank.
Iň kyn inženerçilik meseleleri wagonyň gapylaryny platforma bilen utgaşdyrmak hem-de işleýän eskalatory döretmek boldy. Sin bu kynçylyklary 3D-printeriň we elýeter materiallaryň kömegi bilen çözdi. Inženeriň aýtmagyna görä, ol «tehniki hyzmat» üçin zerur bolan ýagdaýynda özi-de wagona girip bilýär.
Taslama eýýäm sosial ulgamlarda on müňlerçe tomaşaça görkezildi we döredijiligi hem-de inženerçilik takyklygy üçin ýokary baha berildi. Taslamanyň awtory Sin bolsa, indiki maksadynyň öz söýgüli pişigi üçin mini-howa menzilini gurmakdygyny aýtdy.
ORIENT