Daşoguz welaýat kitaphanasynda kitaphonlar bäsleşigi geçirildi
07.05.2025 | 17:15 |Ýakynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda talyp ýaşlaryň arasynda türkmen we iňlis dillerinde “HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ WE ALYM ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI – GYMMATLY HAZYNA” atly kitaphonlar bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň ýardamy bilen guralan bu bäsleşige geljekde başlangyç synp mugallymlary we çagalar baglarynyň terbiýeçileri käriniň eýeleri bolmaly Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary, Daşoguz şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Bu barada TBM-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Örän täsirli we gyzykly geçirilen bu bäsleşik bir tarapdan, talyp ýaşlaryň bilim derejeleriniň, kitap okamaga bolan söýgüsiniň hem-de daşary ýurt dillerini suwara bilmeklige bolan ymtylyşlarynyň ýokarydygyny subut etse, ikinji tarapdan, okyjyny kitap okamaga çekmekligiň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen işlere bu baýry bilim ojagynda hem aýratyn üns berilýändigini görkezdi. Bu bäsleşikden täsirlenen ýokary synp mekdep okuwçylary ylym-bilimiň, okamagyň çäksiz hazynadygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmek bilen, orta mekdebi tamamlap, baýry ýokary we orta hünär okuw mekdeplerimizde bilim almagy dowam etmek, daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek höwesine beslendiler.
ORIENT