Türkmenistanda awtomatlaşdyrylan e-Visa ulgamy giriziler
07.05.2025 | 10:00 |Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy elektron wiza ulgamlaryny döretmäge girişýär. Bu maksatlar üçin resminamalary tabşyrmakdan taýyn wizany almak prosesine çenli wiza arzalaryny sanly görnüşde işlemegiň doly aýlanyşygyny üpjün etjek awtomatlaşdyrylan e-Visa ulgamyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edildi.
“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen resmi bildirişiň maglumatlaryna laýyklykda, täze ulgam wiza resminamalaryny tabşyrmak, barlamak, işlemek we bermek proseslerini awtomatlaşdyrmaga niýetlenendir. Sanly platformanyň ornaşdyrylmagy daşary ýurt raýatlar üçin wiza almak tertibini aňsatlaşdyrar hem-de migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini güýçlendirer.
Taslama degişli edara tarapyndan yglan edilen bäsleşige girizilen Lot № 2 çäklerinde amala aşyrylýar. Gyzklanma bildirýän programma üpjünçiliginiň kompaniýalary we işläp taýýarlaýjylary gatnaşmaga çagyrylýar. Teklipleri şu salgy boýunça tabşyryp bolýar: Aşgabat ş., Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi. Bäsleşige gatnaşmagyň nyrhy 200 ABŞ dollaryna barabar.
Arzalar 2025-nji ýylyň 22-nji maýyna çenli ýerli wagt boýunça sagat 09:00-10:00 aralygynda kabul edilýär. Goşmaça maglumatlary 21-55-44, 70-17-86, 38-00-20, 38-00-34, 38-00-12 telefon belgileri boýunça alyp bolar.
ORIENT news