Iň täze habarlar

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we Airbus kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi

07.05.2025 | 16:30 |
 “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we Airbus kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Olaryň arasynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi we “Airbus Defence and Space SAS” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama aýratyn orun eýeleýär.

Bu Ähtnama älem tehnologiýalary we hemra aragatnaşygy babatda aerokosmiki ugrunyň öňdebaryjy dünýä liderleriniň biri bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açyp berýär.

Mundan başga-da, ýene birnäçe ylalaşyklar baglaşyldy. Olaryň arasynda “Türkmenaragatnaşyk” bilen “Thales Alenia Space France” kompaniýasynyň arasyndaky ylalaşyk bar. Bu ylalaşyk häzirki zaman tehnologiki işläp taýýralamalary ulanmak bilen, milli “TürkmenÄlem” telekommunikasiýa hemrasyny döwrebaplaşdyrmakdaky hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.

Ähtnama Parižde geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumyň çäklerinde gol çekildi.

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: