Türkmenistan we BMG şäherleriň we ilatly nokatlaryň ösüşi boýunça hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar
07.05.2025 | 00:20 |6-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň halkara bilermenleriň düzüminde gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) bahalandyryş toparynyň agzalary bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň esasy temasy Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-Habitat-yň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde işjeň ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boldy.
Duşuşykda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BMG-Habitat-yň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň ep-esli derejede işjeňleşdirilendigi barada bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk hem şäherlerde, hem oba ýerlerinde düzgünleşdirmek, meýilnamalaşdyrmak, taslamalaşdyrmak we daşky gurşawy goramak ýaly dürli ugurlar boýunça şäher gurluşyk hem-de ilatly nokatlary abadanlaşdyrmak babatda alnyp barylýan milli syýasatyň ösdürilmegine ýardam berýär.
Taraplar Türkmenistanda kabul edilýän we durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň wajyplygy barada nygtadylar. Bu maksatnamalar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda täze Gün tertibiniň çäklerindäki ýurduň borçnamalaryna laýyk gelýär hem-de № 11- Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, ýaşaýşa ukyplylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek Durnukly ösüş maksadyna ýetmekde möhüm esas bolup durýar.
Gepleşikler konstruktiw ýagdaýda geçirildi. Onuň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy berkitmekde hem-de oňa täze, anyk mazmun bermekde ikitaraplaýyn islegi tassykladylar.
Ozal biz ýurtda BMG-niň bölümleriniň wekiliýetlerini giňeltmek maksady bilen BMG Habitat-yň Türkmenistandaky Sebit edarasyny açmak meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygy barada habar beripdik.
ORIENT
Tema boýunça
Aşgabatda BMG-Habibat-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
BMG-Habitat hünärmenleri iş sapary bilen Aşgabada geldiler
Aşgabat özünde BMG-Habitat-yň Ýurt edarasyny ýerleşdirmäge taýýar