“PETRONAS” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýär: üns merkezinde – energetika
15.05.2025 | 12:05 |14-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” nebitgaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşlik iki ýurduň, esasanam energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrundaky işiniň dowamy boldy.
“PETRONAS” – Türkmenistanyň çäginde uzak wagtdan bäri işleýän we iň ygtybarly daşary ýurt hyzmatdaşlaryndan biridir. Kompaniýa ýurtda öz işine 1996-njy ýylda başlapdy we şondan bäri Hazar deňziniň kenaryndaky uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek taslamalaryna işjeň gatnaşýar. Nebit we gaz önümçiliginden başga-da, “PETRONAS” milli nebitgaz pudagy üçin işgärleri taýýarlamaga goldaw berýär.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Malaýziýa bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär we täze ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.
Döwlet Baştutany, “PETRONAS” bilen baglanyşykly üstünlikli taslamalaryň diňe bir ykdysady ösüşe däl, eýsem ýurduň tehnologiki mümkinçilgini güýçlendirýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mysalydygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ösen önümçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ekologiýa taýdan howpsuz önümleri öndürmek we hünärmenleri taýýarlamak pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle gatnaşyklaryň ykdysady ähmiýeti äşgärdir – maýa goýumlarynyň gelmegi, önümçilik kuwwatynyň döwrebaplaşdyrylmagy, iş ýerleriniň döredilmegi we Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini güýçlendirilmegi ýurduň dünýä energiýa bazaryndaky ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.
“PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bu ynam üçin minnetdarlyk bildirdi we kompaniýanyň Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşy bolmagynda galmak bilen öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirjekdigi ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady hem-de onuň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigini we uzak möhletleýin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdirilmegine ýardam berjedigini belledi.
Türkmenistan we “PETRONAS”: deliller we sanlar
1996-njy ýyldan bäri “PETRONAS” Hazar deňziniň ýalpak suwly ýerlerinde taslamalary durmuşa geçirip, Türkmenistanda iş alyp barýar.
11 milliard dollardan gowrak. “PETRONAS” -yň hyzmatdaşlygyň başyndan bäri Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýýan umumy maýa goýumlary (açyk çeşmelerden çak edilýän maglumatlar).
Uly önümçilik desgalary. “PETRONAS”, eksportdan girdejini üpjün etýän Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýän toplumy we beýleki senagat desgalaryny gurdy.
Hünärmenleri taýýarlamak. Hyzmatdaşlygyň çäginde Malaýziýa kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz pudagy boýunça inženerleri we tehniki hünärmenleri taýýarlamaga gatnaşýar.
Daşary ýurt bazarlaryna girmek. Bilelikdäki taslamalar Türkmenistanyň dünýä energiýa bazaryndaky ornuny berkitmäge we ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam edýär.
Geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk. Esasy üns täze önümçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan howpsuz çözgütleri ösdürmekdir.
ORIENT