Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazana sapary, Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen dialogy pugtalandyrýar
16.05.2025 | 12:25 |Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlady.
Saparyň esasy maksady – däp bolşy ýaly 80-den gowrak ýurduň wekillerini bir ýere jemleýän “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmakdan ybaratdyr.
Türkmenistan üçin bu forum – möhüm halkara meýdançadyr. Bu ýerde söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň, maýa goýumlaryny çekmegiň we Russiýa bilen Yslam dünýäsiniň arasynda medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň bu çärä işjeň gatnaşmagy ýurduň daşary ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekdäki strategiki ugruny görkezýär.
Türkmenistan Yslam Ösüş Banky we Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam guramasy ýaly guramalaryň işine işjeň gatnaşýandygy mälimdir. Bu bolsa halkara jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna eýe boldy. Türkmenistan forumyň çäreleriniň çäklerinde hyzmatdaşlary bilen oňyn tejribesini paýlaşmaga taýýar.
Tatarystan – RF-niň sebitleriniň arasynda esasy hyzmatdaş
Saparyň dowamynda Russiýanyň sebitleri bilen gatnaşyklara aýratyn üns berler. Tatarystan Respublikasy kuwwatly senagat mümkinçiligi, ösen ylym we bilim binýady, şeýle hem halklaryň arasynda taryhy taýdan berk arabaglanyşyk sebäpli türkmen-rus hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykaryldy. Bilelikdäki taslamalar senagat, söwda, ulag, oba hojalygy we azyk senagaty ugurlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, we medeniýet ugurlardaky hyzmatdaşlyklary ösdürmäge gyzyklanma barha artýar.
Konstruktiw hyzmatdaşlykdan täze taslamalara
Forumyň ähmiýetli tarapy, Türkmenistanyň Yslam dünýäsi bilen özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna gatnaşmagydyr. Türkmen tarapy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Ösüş Bankynyň we Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam guramasynyň işleriniň çäklerinde başlangyçlaryny öňe sürýär. Hyzmatdaşlar tarapyndan türkmen tejribesine ýokary baha berilmegi, bu ugura bolan islegi tassyklaýar.
Forumyň esasy wakalaryndan biri, däp bolan “Russia Halal Expo 2025” halal senagatynyň halkara sergisidir. Türkmenistan onda uly göwrümli milli ekspozisiýalarynyň birini hödürledi.
Sergide senagatyň we oba hojalygynyň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän türkmen kärhanalarynyň önümleriniň giň görnüşi görkezilýär. Bilermenler türkmen harytlarynyň ýokary hilini, olaryň halkara standartlaryna laýyk gelýändigini we Russiýa bazarynda islegiň yzygiderli ösýändigini bellediler.
Ýeňil we azyk senagatynyň harytlary, oba hojalyk önümleri ýaly türkmen kärhanalarynyň önümlerine uly isleg bildirilýär we iň gowy dünýä standartlaryna laýyk gelýär.
Bilermeler işewür hyzmatdaşlygyň täze geljegini açýan Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlara eksportynyň durnukly ösüşini bellediler.
Strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan sapar
Bilermenleriň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy ykdysady hyzmatdaşlyk we ynsanperwer gatnaşyklar üçin täze gözýetimler açar.
Kazana amala aşyrylýan saparyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm duşuşyklar we gepleşikleri geçirer. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we halkara meýdançalarynda özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleleriniň ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Öňde boljak gepleşikler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem hormat goýmak we özara peýdaly dialog ýörelgelerine esaslanýan Yslam dünýäsi bilen gatnaşyklaryň ösmegine itergi bermäge gönükdirilendir.
ORIENT