Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewraziýa hyzmatdaşlyk guşagyny döretmegi teklip etdi

16.05.2025 | 23:50 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewraziýa hyzmatdaşlyk guşagyny döretmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň plenar mejlisine gatnaşdy. Çykyşynda yslam dünýäsiniň, ilkinji nobatda Ýewraziýanyň bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döretmek arkaly ählumumy ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleriniň birine öwrülmäge ähli mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi.

Yslam ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetindäki mümkinçiligi

Häzirki zaman dünýädäki ösüş şertlerinde yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň öňünde häzirki zaman ykdysady ulgamda özleriniň ornuny täzeden seljermegi talap edýän birnäçe wezipeler durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Yslam ýurtlarynyň demografiýasy, tebigy baýlyklary, geografik ýerleşişi, şeýle hem ösýän tehnologiki, maliýe, ylym-bilim mümkinçilikleriniň uly artykmaçlyklara eýedigini nygtady. Bu bolsa iri, ösüş maksatly taslamalary öňe sürmekde gowy şertler bolup durýar, ählumumy ykdysady we maýa goýum giňişliginde yslam dünýäsine degişli ýurtlaryň ornuny hem-de ähmiýetini artdyrýar.

Ýewraziýa bitewi guşagynyň görnüşi: energetika, ulag, tehnologiýa

Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyga bolan çemeleşmesi, ileri tutulýan energetika, ulag, logistika we tehnologiki ugurlaryna esaslanýar. Şu nukdaýnazardan Gurbanguly Berdimuhamedow yslam ýurtlarynyň Ýewraziýanyň bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döretmäge çagyrylýandygyny aýtdy. Ýewraziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli yklymy baglanyşdyrýan bu guşak, strategiki taýdan ählumumy gatnaşyklaryň köprüsine öwrüler. Eger bu amala aşyrylan ýagdaýynda, energiýa serişdeleriniň, harytlaryň, hyzmatlaryň gysga ýol arkaly eltilmegini üpjün etmäge ýardam eder.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belleýşi ýaly, bu gözýetimiň çäginde Türkmenistan öz teklip eden “Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek” strategiýasyny iş ýüzünde işjeň ilerledýär.

Hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri we akymlaryň diwersifikasiýasy

Türkmenistanyň parahatçylyga, durmuş adalatlylygyna we gadymdan gelýän gymmatlyklara eýermegi şeýle döredijilikli usulyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ykdysady ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin yslam ýurtlarynyň ylalaşylan energetika syýasatyny alyp barmagy, halkara üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy we ony ýeňilleşdirmek soraglaryny utgaşdyrmagy, logistika baglanyşygyny berkitmegiň zerurdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň garaýşynyň ähli gatnaşyjylaryň bähbitleriniň deňlige we ykrar edilmegine esaslanýandygynyr şeýle hem hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyna, energetika, ulag akymlarynyň birtaraplaýyn çäklendirilmegine garşy berk çykyş edýändigini we olaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň we giň halkara gatnaşyjylar üçin elýeterli bolmagynyň zerurdygyny aýratyn belledi. Türkmenistan bähbitleriň sazlaşykly bolmagy we özara düşünişmek üçin diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýar.

Türkmenistan: esasy infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek

Türkmenistan bu kadalary iş ýüzünde durmuşa geçirýär, ilkinji nobatda, olary Aziýada giň möçberli we uzak möhletleýin energetika, ulag hem-de üpjünçilik ulgamlaryna degişli taslamalary amala aşyranda ulanýar. Bu ýerde gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Merkezi we Günorta Aziýany Ýakyn hem-de Uzak Gündogar bilen baglanyşdyrýan demir ýollar ýaly halkara ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barada barýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi energetika howpsuzlygynyň derejesini düýpli ýokarlandyrjakdygyna, energiýa çig malynyň çeşmeleriniň köp ýurtlara elýeterli bolmagyny üpjün etjekdigine, dürli söwda we täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, köp durmuş soraglaryny çözmäge şert döretjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Hazar hem-de Gara deňizleriniň sebitleriniň çäklerinden geçýän multimodal ulag ugurlaryny durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli iş alyp barýanmdygyny nygtady hem-de ulgamlaýyn çemeleşmegiň we BMG-niň derejesinde syýasy-diplomatik goldawyň zerurdygyny aýtdy.

Yslam maliýe institutlarynyň ornuny işjeňleşdirmek

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy yslam maliýe we ykdysady institutlaryna, maýa goýum gaznalaryna ýurtlarymyzyň gatnaşýan halkara ykdysady taslamalaryna iş ýüzünde giňden ýardam bermegi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň derejesinde kabul edilýän strategik çözgütleri amala aşyrmaga gatnaşmagy teklip etdi.

Azyk howpsuzlygy we tehnologiýa hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda ýüze çykýan geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Türkmenistan Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasyna gatnaşyjy ýurt hökmünde ylalaşylan syýasatyň alnyp barylmagy ugrunda we dürli sebäplere görä, azyk önümleriniň we durmuşda zerur bolan beýleki harytlaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan yslam ýurtlarynyň bähbitlerini goramagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu ýörelgeleriň amaly taýdan durmuşa geçirilmegine mysal hökmünde Owganystana yzygiderli iberilýän ynsanperwer kömek bellenip geçildi.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugry hökmünde tehnologiýalar görkezildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy yslam ýurtlarynyň ýokary tehnologiýalar, innowasiýa we emeli aň ulgamynda toplan uly tejribesini belläp, tehnologik kooperasiýalarynyň ugurlaryny, tejribe alyşmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy, bilelikdäki köpugurly innowasion maksatnamalary we amaly ähmiýetli, barlaglaryň taslamalaryny işe girizmegi ulgamlaýyn hem-de yzygiderli esasda ýola goýmagynyň maksadalaýykdygyny belledi.

Netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly: Tatarystan bilen hyzmatdaşlyk

Çykyşda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň tejribesi bellenildi. Tatarystanyň mümkinçilikleri we taryhy baglanyşyklary sebäpli onuň aýratyn orny nygtaldy, şeýle hem energetika, senagat, ulag, söwda we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurlary goldaýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna we Hökümetine minnetdarlyk bildirdi hem-de Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy Rustam Minnihanowyň yslam döwletleri bilen Russiýanyň arasynda dost-doganlygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy berkitmekde oňyn ornuny aýratyn belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde Türkmenistan onuň ähli halklary bilen doganlyk, raýdaşlyk we hormat goýmak gatnaşyklaryna düýpli eýerýändigini şeýle hem bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de berkitmäge, biziň ýurtlarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş bilen bagly işlerine goşant goşmaga taýardygyny tassyklady.

Foto: rais.tatarstan.ru

Şeýle hem okaň: