UGREEN: Elektronika dünýäsinde 13 ýyl innowasiýa we dizaýn
09.06.2025 | 15:23 |2012-nji ýyldan bäri UGREEN kompaniýasy innowasion elektronika we aksessuarlar döretmäge ygrarly bolup gelýär. Brendiň esasy maksady — gündelik durmuşy we iş wagtyny has amatly, netijeli we gyzykly etmek. 2025-nji ýylda doglan güni mynasybetli UGREEN iki esasy täze önüm bilen çykyş edýär: UGREEN Uno seriýasy we täze UGREEN EchoBuds Magic simsiz gulaklyklar. Bu enjamlar diňe tehnologiýa taýdan döwrebap bolman, eýsem oýlanyşykly dizaýny we smart displeýleri bilen hem üns çekýär. Olar her bir enjamyñ özboluşlylygynyvwe duýgylaryny artdyrýar.
“Seniň ýoluň her göterimini kuwwat bilen üpjün ederis” diýen şygar bilen UGREEN esasy wezipesini görkezýär: durmuşyň her ädiminde netijeli, ygtybarly we ulanyjy baradaky alada bilen energiýa üpjünçiligidir. Ýolda tiz zarýad gerekmi ýa öýde doly güýçlendiriliş — UGREEN önümleri ynamdar ýoldaşyň bolar.
UGREEN Uno seriýasy — baturgaý we döredijilikli dizaýnda oýlanyşykly funksiýalar:
• UGREEN Uno 100W zarýad enjamy
• UGREEN Uno 10000 mAý 30W daşarky akkumluýator
• UGREEN Uno 15W 2-si-1-de magnit simsiz zarýad enjamy
• UGREEN Uno 100W USB-C – USB-C kabeli
• UGREEN Uno 6-si-1-de köp funksiýaly USB-C hab
Her bir UGREEN Uno enjamynda emosiýa görkezýän akylly displeý bar, ol zarýad prosesini hakyky wagt tertibinde görkezýär. GaNInfinity™ tehnologiýasy energiýanyň ýokary netijelilik bilen geçirilmegini üpjün edýär. 100W çenli çalt zarýad, birnäçe enjamy bir wagtda güýçlendirmek we akylly tok paýlaýyş ulgamy bökdençsiz we ýokary tizlikde işlemek üçin amatlydyr. Şeýle hem artykmaç dartgynlylyk, gyzyp gitme we agramlylykdan gorag ulgamy bilen her bir zarýad howpsuzlykda üpjün edilýär.
Doglan gün baýramçylygynyň çäginde UGREEN Ýakyn Gündogaryñ, Russiýanyñ, Günorta Koreýanyñ we Braziliýanyñ zehinli dizaýnerleri bilen hyzmatdaşlykda iş alyp bardy. Netijede UGREEN Uno-nyň baýramçylyk çäklendirilen modelleri döredildi — olar täze ideýalary we bu seriýa mahsus döredijilikli stil bilen tapawutlanýar. Bu täsin dizaýndaky enjamlar UGREEN-iň resmi saýtyndaky ýörite çäre arkaly bu ýurtlardaky muşdaklaryna sowgat hökmünde gowşurylar.
UGREEN EchoBuds Magic gulaklyklary — şahsy ses tejribesi üçin döredilen täze ösüş. Bu gulaklyklarda reňkli sensorly LCD displeý bar, ol arkaly dolandyryş amatly we şahsylaşdyrylan görnüşde amala aşyrylýar. -52 dB çenli aktiw ses izolýasiýasy, 4 mikrofonly ENC ulgamy we Hi-Res Audio şahadatnamasy bilen EchoBuds Magic islendik ýerde we ýagdaýda daşary sesleri netijeli geçirmän, arassa, baý ses üpjün edýär.
UGREEN Uno seriýasy hem-de EchoBuds Magic gulaklyklary eýýäm Russiýada AliExpress, OZON, Wildberries we Ýandex Market ýaly meşhur onlaýn platformalarda ýörite bahadan elýeterlidir.
UGREEN önümlerine şu wagt 130 döwletiň 200 milliondan gowrak ulanyjysy ynanýar. Brend öz taryhynda täze sahypalara sabyrsyzlyk bilen garaşýar we ýoluňyzyñ her göterimine kuwwat bermäge taýýar ygtybarly ýoldaş bolup galýar.
ORIENT