Wandercraft önümçilik üçin niýetlenen Calvin atly gumanoid roboty hödürleýär
10.06.2025 | 17:09 |Ekzoskeletleri bilen tanalýan Wandercraft kompaniýasy Calvin atly ilkinji gumanoid robotyny döretdi. Bu robot başlangyç pikirden prototipe çenli tapgyrlar boýunça bary-ýogy 40 günüň içinde taýyn komponentleriň ulanylmagy bilen döredildi. “Kellesiz” robot adam ölçeglerinde bolup, ýakyn wagtda Wandercraft maýadaryň Renault zawodlarynda ulanylar. Ol ses arkaly dolandyrylýar we düzüm böleklerini çalşyp bilýär (gollary, sorujy organlary, tutujylary). Munuň özi gaplary we gutylary daşamaga hem-de beýleki önümçilik işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Geljekde Calvin lukmançylyk ýaly pudaklarda ýa-da çäklendirilen mümkinçilikleri bolan adamlaryň gündelik durmuşynda ýardam edip, olary kyn we ergonomik däl işlerden boşadyp biler. Entek Calvin konsept derejesinde bolup, köpçülikleýin önümçilige girizilmedi.
ORIENT