Aşgabatda geçirilen “TurkmenTextile Expo-2025” halkara sergisine 25-den gowrak ýurt wekilçilik edýär
11.06.2025 | 15:50 |Şu gün Aşgabatda “TurkmenTextile Expo-2025” atly halkara sergisi öz işine başlady. Bu çäre, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we “TürkmenistanExpo” kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň goldawy bilen gurnaldy we 11-13-nji iýun aralygynda dowam eder.
Bu sergi dokma senagatynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan: pagta, ýüpek we ýüň öndürmekden taýýar egin-eşiklere, ekologiýa taýdan arassa boýag tehnologiýalaryna we innowasion moda kolleksiýalaryna çenli 100-den gowrak eksponentler gatnaşdy.
Gatnaşyjylaryň görlüp-eşidilmedik halkara sanawy
2025-nji ýylda “TurkmenTextile Expo” halkara gatnaşygynyň rekord derejesini görkezýär. Bu ýere Italiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Gazagystan, Singapur, Hindistan, Özbegistan we Päkistan ýaly 25-den gowrak ýurtdan maýa goýujylary, dizaýnerleri, pudagyň wekillerini, döwlet we hususy kompaniýalary, dokma birleşikleriniň wekilleri ýygnanady. Bu bolsa Türkmenistanyň Merkezi Aziýada dokma we moda merkezi hökmünde derejsini güýçlendirmäge bolan islegini görkezýär.
200-den gowrak wekiliýetiň arasynda – milli moda geňeşleriniň ýolbaşçylary, durnukly dokma pudagyndaky täzelikçileri we butik dizaýnerleri, dokma sungaty arkaly gaýtadan işlemegi we medeni mirasy gorap saklamagy öňe sürýänler bar.
Iş meýilnamasy we döredijilik ylhamy
Sergi myhmanlara baý maksatnamany hödürleýär, şol sanda:
• Ýerli we halkara kompaniýalaryň stendleri
• Dizaýner markalarynyň tanyşdyryşlary
• Dokma senagatynyň klasterleriniň görkezişleri
• Ussatlyk sapaklary we işewür duşuşyklarynyň zolaklary
• Gepleşikler we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin çäkler
Resmi açylyşyň öňüsyrasynda sergiden bir gün ozal ussatlyk sapaklaryny, dizaýn studiýalaryna baryp görmegi we resmi däl işewür duşuşyklary geçirildi. Bularyň özi tutuş sergä äheň berdi.
Adaty türkmen dokama önümlerinden başlap, emeli aňyň elementleri bilen ýokary tehnologiýaly dokma önümlerine çenli – bu çäre milli senetçilik mirasynyň we häzirki zaman innowasiýa çözgütleriniň sazlaşykly utgaşmasydyr.
Pudakda ýylyň esasy wakasyna öwrülen “TurkmenTextile Expo-2025”-de önümleri öňe ilerletmek, halkara hyzmatdaşlary tapmak, täze bazarlara girmek we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär.
Sergi 13-nji iýuna çenli dowam eder. Giriş tölegsiz.