Iň täze habarlar

Ženewa çekişmeleri: Bitaraplygyň halkara ölçegi we ählumumy durnuklylyk

05.06.2025 | 23:25 |
 Ženewa çekişmeleri: Bitaraplygyň halkara ölçegi we ählumumy durnuklylyk

Ženewa, 5-nji iýun | ORIENT. Şu gün Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ženewadaky merkeziň (GCSP), BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy we Ženawanyň Bitaraplyk merkezi tarapyndan ähmiýetli çekişme (debat) geçirildi.

Çäräniň temasy – “Halkara bitaraplygyň ölçegi” diňe bir öz wagtynda däl, eýsem halkara gatnaşyklarynda barha artýan dartgynlygy nazara almak bilen hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Gatnaşanlar geosyýasy bölünişigiň artýan döwründe bitaraplyk ýörelgeleriniň parahatçylygy, howpsuzlygy we özara düşünişmegi güýçlendirip biljekdigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çekişmeleriň dowamynda aýratyn üns, bitaraplygyň diňe bir resmi dereje däl-de, eýsem ählumumy diplomatiýanyň strategiki çeşmesi bolup biljekdigini otuz ýylyň dowamynda görkezen ýurt – Türkmenistanyň tejribesine gönükdirildi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy – çetleşmek däl-de, işjeňlik strategiýasydyr

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili şol bir wagtyň özünde Şweýsariýadaky ilçisi Wepa Hajiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygy simwoliki ýa-da passiw ýagdaý däl-de, eýsem işjeň daşary syýasat gün tertibine esaslanýan aňly-dünjeli saýlawdygyny aýtdy.

zhenevskie-debaty.jpg

Hajiýewiň çykyşy bitaraplygy inklýuziw dialog we konstruktiw halkara gatnaşyklar üçin pragmatiki meýdança hökmünde kesgitläp, tutuş çekişme üçin äheň döretdi. Ilçi ählumumy çagyryşlaryň şertinde ynanyşmagy we köptaraplylygy ösdürýän özüni alyp barmagyň modellerine zerurlygyň artýandygyny we Türkmenistanyň Bitaraplygy bu talaplara laýyk gelýändigini belledi.

Halkara giňişliginde Bitarap derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistan halkara jemgyýetçiligini açyklyga, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmaga we ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyga taýynlyga esaslanýan giňişleýin we uzak möhletleýin strategiýany hödürledi.

Oňyn Bitaraplyk – Ählumumy hyzmatdaşlygyň türkmen konsepsiýasy

Çekişmäniň esasy temalarynyň biri Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen “Oňyn bitaraplyk” konsepsiýasynyň hödürlenmegi boldy. Bu model, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Şiri Şiriýew tarapyndan hödürlendi, muny passiw goşulmazlygyň alternatiwy hökmünde häsiýetlendirdi.

Onuň pikiriçe, oňyn bitaraplyk parahatçylygy goraýyş başlangyçlaryna, sebitara taslamalara we ysanperwer çärelere işjeň gatnaşmagy öz içine alýar. Ş.Şiriýew diňe bir energetika howpsuzlygyna däl, eýsem sebitiň syýasy durnuklaşmagyna hem goşant goşýan infrastruktura taslamasy – TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy ýaly başlangyçlara dogry ünsi çekdi.

Bilermeniň çykyşy, çekişmelere gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanmany we goldawyny döretdi. Sebäbi bitaraplygyň jedelleri çözmek we harby-syýasy bloglaryň çäginden daşarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy gurmak üçin netijeli gural bolup biljekdigini görkezdi.

zhenevskie-debaty (3).jpg

Bitaraplyk amaly gural hökmünde – sapaklar we mysallar

Iş ýüzünde, Türkmenistanyň Bitaraplygy halkara gepleşiklerine, ynsanperwerlik missiýalaryna we parahatçylykly başlangyçlaryna işjeň gatnaşmak arkaly görkezilýär. 1990-njy ýyllaryň ahyrynda, Türkmenistan sebitdäki dartgynlylyk şertlerinde-de ynsanpwer geçelgäni açyk saklanda, Owganystana kömek bermek boýunça tejribesini ýatlamak ýeterlikdir. Bu mysal, türkmen bitaraplygynyň hakyky mazmunyny tassyklamak hökmünde kabul edildi.

Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy ýaly hukuk meselelerini çözmekde Türkmenistanyň goşandy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan diplomatik deňagramlylygyň netijesinde Hazarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň arasynda taryhy ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistan Bitaraplygyň diňe bir syýasy ýörelge bolman, eýsem parahatçylyga, goldaw we durnuklylyk üçin amaly guraldygyny görkezýär diýip, Şiriýew aýtdy. Bitaraplyk gysga möhletli syýasy bähbitlerden daşgary uzak möhletli we dowamly hyzmatdaşlygy gurmak üçin çeýeligi üpjün edýär.

05062025-zhenevskie-debaty.jpg

Çekişmä gatnaşyjylar Türkmenistanyň tejribesini strategiki özbaşdaklyga we deňagramly daşary syýasata ymtylýan beýleki ýurtlar bilen uýgunlaşdyryp boljakdygyny bellediler.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly - ählumumy çelgi

Öz çykyşynyň ahyrynda Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “2025-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek boýunça başlangyjyna ünsi çekdi.

Bu teklip, ýurduň birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we ylalaşyk esasynda täze halkara tertibiniň emele gelmegini öňe sürmek isleginiň şöhlenmesi hökmünde kabul edildi.

Aýdylan pikirler we başlangyçlar Türkmenistanyň Bitaraplyk konsepseiýasynyň sebit ähmiýetinden has ýokarydygyny we ähliumumy diplomatik çeşme hökmünde dünýä hödürlenip biljekdigini ykrar etdi.

zhenevskie-debaty (2).jpg

Ženewa çekişmeleri ählumumy diplomatiýany täzeden gözden geçirmäge goşant hökmünde

Ženewadaky çekişmeler bitaraplygyň halkara gatnaşyklarynda tutýan ornuna ählumumy düşünjesiniň ösmeginde möhüm tapgyra öwrüldi. Bilermenler, bitaraplyk, anyk mazmun we institusional durmuşa geçirmek bilen doldurylanda, öňünden aýdyp bolmaýan dünýäde durnuklylygyň we öňünden aýdyp boljaklygyň nusgasyna öwrülipbiljekdigi bilen ylalaşdylar.

Türkmenistanyň tejribesi, konstruktiw, işjeň we pragmatiki diplomatiýanyň nusgasy hökmünde çekişmä gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berildi. Bitaraplygyň türkmen nusgasy, strategiki özbaşdaklygyny gorap saklamak we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek isleýän beýleki ýurtlar üçin möhüm çelgi bolup biler.

Bu nusga diňe bir gatyşmazlygyň ähmiýetini nygtamak bilen çäklenmän, ählumumy çagyryşlar we üýtgeşmeler şertlerinde has möhüm bolan halkara ynamyny pugtalandyrmak üçin hakyky ýoly hödürleýär.

Bekdurdy AMANSARYÝEW,

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: