Türkmen gazy we Ýewropanyň geljegi: “Brussels Energy Club”-daky bilermenleriň çekişmeleri
08.07.2025 | 21:05 |7-nji iýulda Brýusselde Ýewropanyň iň täsirli energetika meýdançalarynyň biri – “Brussels Energy Club”-da bilermenleriň tegelek stoly geçirildi. Maslahatlaşmanyň üns merkezinde, “ÝB-ne gazyň importynyň orta möhletli geljegi we eksport ediji ýurtlaryň strategiýasy” boldy, Türkmenistan geljekki ählumumy energetika bazary baradaky garaýşyny beýan etdi. Esasy çykyş edenleriň biri, Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow, diňe bir ýurduň energetika syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etmek bilen çäklenmän, Aşgabatyň Ýewropa Bileleşigi we öňdebaryjy Ýewropanyň kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň energetika syýasatynyň giň gerimli diwersifikasiýasyny işjeň durmuşa geçirýändigini nygtaty. Munuň özi diňe bir mawy ýangyç üpjünçiliginiň geografiýasyny giňeltmek bilen çäklenmän, özüniň eýsem gaýtadan işlemek kuwwatyny pugtalandyrmak we ýokary goşmaça bahaly önümleri öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman infrastrukturasyny ösdürmegi hem öz içine alýar. Bu strategiýanyň esasy maksady, hususan-da Ýewropa döwletleri bilen durnukly we ygtybarly hyzmatdaşlygy döretmekden ybarat bolup galýar.
Bilermenler bileleşiginiň ünsüni özüne çeken esasy meseleleriň biri Hazarüsti gaz geçirijisiniň geljegi barada boldy. Taslama ÝB-ne täze, durnukly energiýa çeşmesini hödürleýän Günorta gaz geçirijisiniň üsti bilen Ýewropa türkmen gazy iberilmegini diwersifikasiýa etmek üçin amatly ugur hökmünde ýene bir gezek hödürlendi. Çekişmede esasy ugur hökmünde Türkmenistanyň beýleki strategiki infrastruktura başlangyçlary, şol sanda TOPH (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) gaz geçirijisi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň gurluşygy Owganystanyň çäginde eýýäm işjeň alnyp barylýar, bu bolsa ählumumy taslamalary durmuşa geçirmegiň hakyky depginini görkezýär.
Ilçi ýakynda gazy eksport boýunça Türkmenistanyň gazanan ylalaşyklary aýratyn belledi. 2024-2025-nji ýyllar aralygynda Türkiýe, Yrak, Azerbaýjanф we Wengriýa bilen möhüm şertnamalara gol çekildi. Bu şertnamalar göni üpjün etmekligi we swap usuly boýunça ylalaşyklaryň netijeli mehanizmlerini öz içine alýar, bu dürli sebitlerde energiýa hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň çeýeligini we ygtybarlylygyny aýdyň görkezýär.
Ýurduň içinde tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlenilşine aýratyn üns berildi. Türkmenistan häzirki wagtda polimerleri, ýokary hilli mineral dökünleri, sintetiki ýangyçlary we beýleki gymmatly esasy önümleri öndürmek üçin häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyna işjeň maýa goýýar. Bu diňe bir uglewodorod çeşmelerini ulanmagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrman, eýsem tehnologiki hyzmatdaşlyk we Ýewropanyň kompaniýalarynyň maýa goýumlary üçin has giň mümkinçilikleri açýar. Aşgabat Ýewropaly işewürleri bu ýokary tehnologiýaly we geljegi uly ugry bilelikde işjeň ösdürmäge çagyrýar.
Dialogyň ähmiýetini “Brussels Energy Club”-nyň esaslandyryjysy Marat Terterow tassyklady hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň örän ýokary mümkinçiligini belläp geçdi. Şeýle hem, Aşgabatda her ýyl geçirilýän “Oil & Gas of Turkmenistan” atly halkara maslahatynyň Türkmenistan bilen halkara energetika hyzmatdaşlarynyň arasynda konstruktiw dialogy üçin aýrylmaz meýdança bolup durýandygyny nygtady.
Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň konstruktiw dialoga strategiki açykdygyny biragyzdan ýokary baha berdiler. Ýurduň durnukly energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga we şeýle hem täze, diwersifikasiýalaşdyrylan eksport ugurlaryny durmuşa geçirmäge taýýardygy nygtaldy.
ORIENT