Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: esas ýagy, buýan köki, boýalan mata we erkek köýnekleri satyn alyndy

09.07.2025 | 17:25 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: esas ýagy, buýan köki, boýalan mata we erkek köýnekleri satyn alyndy

7-nji iýulda, duşenbe güni Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, oba hojalygy hem-de ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen SN-350 kysymly esas ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Serbiýaly telekeçiler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden arassalanmadyk guradylan buýan köklerini we kök baldaklaryny satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür wekilleri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen boýalan ranfors we kreton matalaryny, şeýle hem erkek köýneklerini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň goýaldylan ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň dowamynda jemi 4 geleşik baglaşylyp, olaryň umumy bahasy 750 846,00 ABŞ dollaryna we 884 000,00 manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: