Iň täze habarlar

Aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň halypa işgärleriň we ýaş hünärmenleriň arasynda sorag-jogaply duşuşyk maslahaty geçirildi

09.07.2025 | 16:42 |
 Aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň halypa işgärleriň we ýaş hünärmenleriň arasynda sorag-jogaply duşuşyk maslahaty geçirildi

9-njy iýulda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň guramagynda «Halypalaryň tejribe mekdebi şägirtlere görelde hem ýörelge» atly sorag-jogaply duşuşyk maslahaty geçirildi.

Maslahatyň başynda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynda saýlan hünärine ýürekden, yhlasly çemeleşip, zähmet çekýän ussat halypalar uzak ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesi barada gürrüň berdiler.

Turkmenaragatnashyk.jpg

Şeýle hem maslahatyň dowamynda innowasion döwürde döwletimiziň halkara abraýy, sanly ykdysadyýetde gazanylýan ösüşler, akylly tehnologiýalaryň dürli ulgamlara giňişleýin ornaşdyrylmagy we kämil hem akylly serişdeleriň adamlaryň gündelik durmuşynda döredýän amatlyklary barada sorag-jogap arkaly öz-ara pikir alyşyldy.

Emeli aňyň durmuş şertlerinde giň gerim alýandygy göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda giňden ulanylýan ses kömekçileri we söhbet gutulary mysal getirildi. Çünki, olaryň diňe soraglara jogap bermek bilen çäklenmän, zehinli maslahatçy hökmünde hem gürrüňdeş bolýandygy bellenildi.

Turkmenaragatnashyk.jpg

Aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän halypalar öz gezeginde: «Sanly hyzmatlar bolan elektron tölegler, onlaýn söwda, uzak aralykdan okuwlar, internet sergileri we beýlekiler biziň gymmatly wagtymyzyň we serişdelerimiziň tygşytlanmagy we hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegi ýaly amatlyklary döredýär» diýip belläp geçdiler. Turkmenaragatnashyk.jpg

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: